Ýurdumyzyň bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, ýaş nesilleri ata-babalarymyzdan gelýän mukaddes ýörelgeler esasynda watançylyk ruhunda terbiýelemek, ýaşlara dünýä ülňülerine laýyklykda bilim bermek boýunça giň gerimli maksatnamalaýyn işler, şol sanda okuw-usuly maslahatlar we beýleki dürli çäreler yzygiderli geçirilýär.
Ýakynda şeýle tutumly çäreleriň biri Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň guramagynda geçirildi. «Mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmegiň döwrebap usullary: ylmy gözlegler we täze garaýyşlar» ady bilen onlaýn usuly arkaly geçirilen okuw-usuly maslahat häzirkizaman ylmynyň gazananlaryny, iň täze, döwrebap tehnologiýalary bilim ulgamyna giňişleýin ornaşdyrmak, sanly ulgam esasynda geçirilýän umumy amaly we tejribe sapaklarynyň netijeliligini dünýä ülňülerine laýyklykda ýokarlandyrmak, bilim işgärleriniň hünär ussatlygyny has-da kämilleşdirmek ýaly wajyp ugurlara bagyşlandy.

Örän täsirli we netijeli geçen bu maslahata Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Milli bilim institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň professor-mugallymlary, Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim müdirlikleriniň ýanyndaky hünär derejesini ýokarlandyryş merkezleriniň, umumybilim berýän orta mekdepleriň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň mugallymlary, terbiýeçileri we hünärmenleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek boýunça kabul edilen konsepsiýalara laýyklykda mugallymlaryň we terbiýeçileriň hünär ussatlygyny ylmy gözlegler we täze garaýyşlar esasynda kämilleşdirmek, okatmaklygyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmaga giň şertleri döredýän innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy iş tejribelerini okuw işine ornaşdyrmak, okuw maksatnamalaryny, kitaplaryny we gollanmalaryny taýýarlamagyň, okuw dersleriniň mazmunyny we olary okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň ylmy esaslaryny işläp taýýarlamak barada çuňňur mazmunly çykyşlara orun berildi. Şeýle hem bu ýerde mugallymlaryň arasynda «halypa-şägirtlik» ýoluny berkitmek boýunça edilmeli işler, bu babatdaky täze garaýyşlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Günüň ikinji ýarymynda okuw-usuly maslahat öz işini «Tebigy we takyk ylymlary okatmakda STEM usulyýetiniň nazary-amaly esaslary», «Ynsanperwer ylymlarynyň okadylyşyny kämilleşdirmekde häzirkizaman pedagogik usullaryň orny», «Dilleri okatmakda täzeçil usullar we pedagogik ussatlyk» hem-de «Milli terbiýeçilik ýörelgeleri – akyl we fiziki ösüşiň sarsmaz bitewiligi» atly bölümlerde dowam etdirildi. Bölümlerde göz öňünde tutulan çäreleriň işjeň häsiýete eýe bolandygyny, bilim işgärleriniň özlerini gyzyklandyrýan sowallaryna anyk jogap tapandyklaryny belläp geçmek bolar.
Maslahata gatnaşyjylar onuň guramaçylykly we örän netijeli geçendigini belläp, ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmeklige giň şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.