Ï Biotehnologiýa ulgamyndaky täze ylmy iş patentleşdirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Biotehnologiýa ulgamyndaky täze ylmy iş patentleşdirildi

view-icon 86
Biotehnologiýa ulgamyndaky täze ylmy iş patentleşdirildi

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy «Biotehnologiýalaryň esaslary» atly ylmy işe awtorlyk hukugyny hasaba aldy. Bu ylmy işiň awtorlary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hünärmenleri A.Rahmanowa we D.Gadamowdyr.

Türkmen we iňlis dillerinde hödürlenen ylmy iş «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde taýýarlanyldy. Taslama pudagyň strategik kuwwatyny açyp görkezmek bilen, onuň döwlet ösüşi üçin amaly ähmiýetini esaslandyrýar.

Awtorlar häzirki zaman barlaghanalarynyň sanly kodlaryň deregine janly öýjükler we molekulalar bilen işlenilýän ýokary tehnologiýaly merkeze öwrülendigini subut edýärler. Tekstde ylmyň tebigy çig maly nähili usul bilen ýokary netijeli biomateriallara öwürýändigini görkezýän barlaghana amallarynyň algoritmi jikme-jik beýan edilýär.

Oba hojalygyny we ekologiýany özgerdýän innowasiýalara, şol sanda täze nesliň ulgamlaryny döretmek üçin tebigy obýektleriň ulanylyşyna aýratyn üns berlipdir. Barlagyň iki dilde çap edilmegi ony hem ýerli hünärmenler, hem-de halkara ylmy jemgyýetçiligi üçin elýeterli edýär we özara tejribe alyşmaga ýardam berýär.

Şu günki gün biotehnolog hünärmeni döwletiň durnukly ösüşiniň bähbidine hyzmat edýän geljegiň binagäri hökmünde çykyş edýär. Bu ylmy iş milli strategiýalaryň durmuşa geçirilmegine goşulan möhüm goşant bolup, ýurdumyzyň innowasion böküşiniň häzirki zaman barlaghanalaryndan başlanýandygyny tassyklaýar.