Ï Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň arasynda «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly IV utgaşykly olimpiada geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň arasynda «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly IV utgaşykly olimpiada geçiriler

view-icon 145
Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň arasynda «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly IV utgaşykly olimpiada geçiriler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti ýurdumyzyň orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylaryny «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly IV utgaşykly olimpiada gatnaşmaga çagyrýar.

Matematika, fizika, himiýa, biologiýa we logiki pikirlenmek boýunça olimpiada Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 9-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýär. Bäsleşige bir mekdepden 20-den köp bolmadyk, (her ýokary synpdan 5) okuwyň dowamynda bu dersler boýunça has ýokary netijeleri görkezen okuwçylar gatnaşyp bilýärler.

Olimpiadada çykyş etmek isleýän okuwçylar 25-nji fewrala çenli guramaçy ýokary okuw mekdebiň resmi saýtynda onlaýn arkaly bellige alynmalydyrlar.

Olimpiada 3 tapgyrda – etrap, welaýat hem-de döwlet derejelerinde geçiriler. Olimpiadanyň ähli tapgyrlary türkmen we iňlis dillerinde alnyp barlar.

Birinji tapgyr 10-17-nji mart aralygynda, ikinji tapgyr 8-nji aprelde geçiriler. Olimpiadanyň I we II tapgyrlaryny üstünlikli geçen okuwçylar bäsleşigiň jemleýji III tapgyryna gatnaşmak üçin Aşgabada çagyrylar. Bu tapgyr iýun aýynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň binýadynda geçirilip, şeýle hem bu ýerde finala gatnaşyjylar üçin çäreleriň bilim we medeniýet ugurly baý maksatnamasy guralar.

«Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly IV utgaşykly olimpiadanyň ýeňijilerine we baýrak eýelerine uniwersitetiň diplomlary hem-de gymmat bahaly sowgatlary gowşurylar, şeýle hem Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin hödürnamalar berler.

Mundan başga-da, däp boýunça olimpiadanyň I, II ýa-da III tapgyrlaryny geçen bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisi uniwersitetiň «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly altyn Gaznasynyň düzümine giriziler. Gaznanyň agzalary bu ýokary okuw mekdebe girjek bolanlarynda ýeňillikden peýdalanýarlar.

Olimpiadanyň geçirilişi, gatnaşmak üçin haýyşnamalaryň doldurylyşynyň hem-de berilişiniň düzgünleri baradaky doly maglumatlar uniwersitetiň saýtynda ýerleşdirilendir.

Utgaşykly olimpiada dördünji ýyl yzly-yzyna geçirilýär we ýurdumyzyň zehinli ýaşlaryny çekmek boýunça uly işleri alyp barýan uniwersitetiň hünärlere ugrukdyryjy netijeli taslamalarynyň biri bolup durýar.

Ozalky ýyllarda olimpiadada üstünlikli çykyş eden okuwçylaryň örän köp sanlysy häzirki wagtda bu abraýly ýokary okuw mekdepde, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlygyň dürli ugurlary boýunça okaýarlar.

Giň gerimli olimpiada türkmen okuwçylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy. Oňa her ýyl ýurdumyzyň dürli künjeklerinden takyk ylymlara höwesjeň ýaş we zehinli okuwçylaryň 25 müňe golaýy gatnaşýar. Baýrakly orunlar gowulardan gowularyna, iň zehinlilere berilýär. Şeýle baýraklara okuwçylaryň 20-den 35-e çenlisi eýe boldular.

Dersler boýunça ajaýyp taýýarlygy, nazaryýeti çuňňur bilmegi hem-de ýumuşlary çözmekde ýokary derejede iş başarnyklaryna eýe bolmagy talap edýän bäsleşigiň ýeňijilerini saýlamaga bildirilýän berk gözegçilik höwesjeň ýaş zehinlere diňe itergi berýär we olimpiadanyň çäklerinde olaryň öz ukyplaryny görkezmäge bolan ymtylmalaryny güýçlendirýär.

Olimpiada ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamynda ileri tutulýan wezipeleriň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýar. Şol wezipeleriň hatarynda ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň arasynda netijeli aragatnaşyklary pugtalandyrmak, ýaş nesilleriň ylymlary öwrenmäge gyzyklanmalaryny höweslendirmek we gollamak, innowasion tehnologiýalary üstünlikli ulanyp bilýän, giňden pikirlenmäge we öňde goýlan wezipeleri özbaşdak çözmäge ukyply, zehinli, işjeň, başarnykly ýaşlary terbiýelemek wezipeleri bar.