Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty «Emeli aň çözgütleri» («AI Solutions») atly hakaton bäsleşigine gatnaşmak üçin ýüztutmalary kabul edýär. Bäsleşik institut tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda guralýar.
Çäräniň maksady emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak, netijeli emeli aň taslamalaryny işläp düzmek we döretmek babatda ýaş hünärmenleriň ukyp-başarnyklaryny ösdürmekden hem-de olaryň täjirçilik mümkinçiliklerine baha bermekden ybaratdyr.
Bäsleşik 21-nji fewralda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýanynda hereket edýän «Sanly Çözgüt – IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň binasynda geçiriler.
Her ýokary okuw mekdepden hakaton bäsleşigine gatnaşmaga dört talypdan düzülen bir topar çagyrylýar.
Bäsleşige gatnaşyjylaryň wezipesi emeli aňy ulanmak arkaly ulanyjynyň derejesine laýyk gelýän soraglary düzýän hem-de alnan netijeleriň esasynda onuň intellektual derejesine baha berýän test ulgamyny döretmekden ybaratdyr.
Bäsleşige gatnaşyjylaryň innowasion taslamalarynyň işiniň netijeliligine hem-de görkezijilerine ýokary okuw mekdepleriň emeli aň ugurly dersleriniň mugallymlaryndan hem-de bu ulgama degişli çagyrylan bilermenlerden ybarat eminler topary baha berer.
Bäsleşigiň çäklerinde öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişine baha bermegiň ähli ugurlary boýunça has köp utuk toplan toparlar hakaton bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan ediler.
Hakaton bäsleşiginiň netijeleri boýunça baýrakly orunlary eýelän talyplardan ybarat toparlar Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň diplomlary we gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglanarlar. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy bäsleşigiň geçirilýän güni «Sanly Çözgüt – IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň binasynda bolar.
Gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän talyplar 18-nji fewrala çenli bellige alyş namasyny dolduryp, olary ttweii.basleshik@gmail.com elektron salgy boýunça guramaçylyk toparyna ibermelidirler. Goşmaça maglumatlar Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda, şeýle hem +99312942899, +99365537884 telefon belgiler we nurysaryyew2@gmail.com elektron salgy boýunça elýeterlidir.
Guramaçylar bäsleşigiň geçirilmeginiň talyplaryň sanly ulgam boýunça sowatlylyk derejesini ýokarlandyrmaga, emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak babatda has zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, olaryň döredijilikli pikirlenişlerini, emeli aňyň kömegi bilen meseleleriň ýönekeý we tiz çözülişini tapmak başarnygyny hem-de topar bolup işlemek ukybyny ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirýärler.