Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary bilen ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimizi merdana pederlerimiziň şöhratly ýoly esasynda watançylyk ruhunda terbiýelemek, ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermek, onuň üçin ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek maksady bilen giň gerimli işler durmuşa ornaşdyrylýar.
Berkarar Diýarymyzyň dürli künjeginde gurulýan we ulanylmaga berilýän, häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap binalardyr desgalarda ýerleşýän bilim edaralarynyň sany bolsa barha artýar. Welaýatymyzyň merkezi şäherinde ýerleşýän, ýurdumyzyň iň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň häzirki wagtda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan täze binalar toplumyny ýokarda aýdylanlara buýsançly mysal hökmünde görkezmek bolar. Türkmenabat şäherinde hormatly Prezidentimiziň kabul eden Karary esasynda bu ýokary okuw mekdebiniň 5 müň orunlyk täze binalar toplumynyň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Nahal» hojalyk jemgyýeti alyp barýar.
Täze desganyň gurluşygyny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda tamamlamak we ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. 26 gektar çemesi meýdanda ýerleşýän bu döwrebap bilim ojagynyň binalarynda esasy gurluşyk işleriniň tamamlanyp, içki bezeg işleriniň ýokary depginde alnyp barylmagy bu hojalyk jemgyýetiniň täze okuw ýylyna toý serpaýly barjakdygyna güwä geçýär. Binagärlik sungatynyň dünýä we türkmen halkynyň milli nusgalarynyň özara sazlaşygy esasynda gurulýan bu desgada talyp ýaşlaryň häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna aralaşmaklary, medeniýetli dynç almaklary, sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertleriň döredilýändigine göz ýetirmek bolýar. Baýry ýokary okuw mekdebiniň täze mekany dolandyryş-okuw binasyny, bu ýerde ýerleşýän 700 we 200 orunlyk mejlisler zalyny, fakultetler üçin 2 sany okuw binalaryny, mugallymlara niýetlenen 12 öýli bir sany, talyp ýaşlar üçin 2 müň orunlyk 5 sany umumy ýaşaýyş jaýlaryny, 1000 orunlyk naharhanany, 700 orunlyk kitaphanany, 500 orunlyk stadiony, sport zalyny we 3 sany sport meýdançany, her biri 200 awtoulaga niýetlenen açyk we bassyrmaly awtoduralgalary öz içine alýar. Şeýle-de bu taslamanyň çäginde hojalyk maksatly hem-de beýleki tehniki we hyzmat binalary ýerleşýär.
Häzirki wagtda gurluşygyň esasy işleri tamamlanyp, binalaryň içki bezeg we diwarlaryň gaplama işleri alnyp barylýar. Binalaryň gurluşyk we bezeg işlerinde öz ýurdumyzda öndürilýän we dünýäniň ösen döwletlerinden getirilen gurluşyk serişdeleri peýdalanylýar. Toplumyň çägindäki umumy ýaşaýyş jaýlarynda mebelleri ýerleşdirmek işlerine girişilendigini bellemek bolar. Ýakyn wagtlarda binalar toplumynyň ählisinde Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Britaniýadan, Ýaponiýadan, Germaniýadan, Hytaýdan, Italiýadan, Türkiýeden we dünýäniň beýleki ösen döwletlerinden getirilýän kämil tehnologiýalary oturtmak işlerine taýýarlyk görülýär. Binalar toplumynyň ýanaşyk ýerlerinde oturdylan agaç nahallary hem eýýämden töwerege görk berýär. Täze döwrebap desganyň şu ugurda ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasy, «Lebap» söwda we dynç alyş merkezi, köp ugurly sport toplumy, «Ruhyýet» köşgi hem-de «Bagt köşgi» bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirip, Türkmenabat şäheriniň binagärlik keşbine aýratyn bezeg berjekdigi buýsandyryjy ýagdaýdyr.
Ýurdumyzyň iň baýry okuw mekdepleriniň biri Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň döwrebap täze binalar toplumy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berler.