Ï Belent maksatlara beslenen bäsleşik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Belent maksatlara beslenen bäsleşik

view-icon 99
Belent maksatlara beslenen bäsleşik
Belent maksatlara beslenen bäsleşik
Belent maksatlara beslenen bäsleşik
Belent maksatlara beslenen bäsleşik
Belent maksatlara beslenen bäsleşik
Belent maksatlara beslenen bäsleşik
Belent maksatlara beslenen bäsleşik
Belent maksatlara beslenen bäsleşik
Belent maksatlara beslenen bäsleşik
Belent maksatlara beslenen bäsleşik
Belent maksatlara beslenen bäsleşik
Belent maksatlara beslenen bäsleşik
Belent maksatlara beslenen bäsleşik
Belent maksatlara beslenen bäsleşik
camera-icon
Andreý Pakulow

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň hem-de ýetip gelýän Halkara zenanlar gününiň şanyna Balkan welaýatynda guralýan dabaraly çäreler özboluşlylygy, maksada okgunlygy bilen tapawutlanýar. Şeýle bäsleşikleriň biri-de welaýat merkezi Balkanabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde geçirildi. 

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyryna onuň etraplardyr şäherlerden gelen ýeňijileri gatnaşdylar. Berkarar Watanymyzda gender deňligini durmuşa geçirmekde, eneleriň, çagalaryň saglygyny goramakda amala aşyrylýan işlere mynasyp goşant goşmagy, hormatly Prezidentimiziň döwlet derejesinde zenanlara goýýan hormat-sarpasyna mynasyp jogap bermegi, şol sanda Diýarymyzda ýetilen nusgalyk sepgitleri wagyz-ündew etmegi maksat edinen bäsleşik sekiz ugurdan ybarat boldy. 

Bäsleşigiň şertlerine görä, oňa gatnaşyjylar özleriniň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini görkezdiler. Şeýle-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşlerinden ruhlanan zenanlar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna, taryhy eýýamymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan egsilmez ýürek buýsançlaryny joşgunly beýan etdiler. Şonuň ýaly-da ruhubelent zenanlaryň çeper sözlerden çemen taýýarlap, labyzly aýdan goşgulary, şowhunly ýerine ýetiren gazallary bäsleşige tomaşa edenlerde ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. 

Bäsleşigiň jemleri boýunça welaýatyň Balkanabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň müdiri Güljemal Soltanowa «Ýylyň işewür zenany», Türkmenbaşy şäheriniň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy Täzegül Ýaýlymowa «Ýylyň çeper elli zenany», Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Sapargül Hallymämmedowa «Ýylyň sungatda işjeň zenany», Magtymguly etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy Mäzem Garlyýewa «Ýylyň mährem zenany», Türkmenbaşy etrabynyň polisiýa bölüminiň derňew toparynyň uly sülçüsi Maman Garabegowa «Ýylyň watançy zenany», Bereket etrabyndaky 8-nji çagalar bagynyň müdiri Togta Şyhyýewa «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany», Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesinden telekeçi Bahar Berdiýewa «Ýylyň telekeçi zenany», Gyzylarbat etrabyndaky 29-njy orta mekdebiň mugallymy Gülsenem Garaýewa «Ýylyň halypa zenany» diýen atlara mynasyp boldular. 

Ýeňijiler «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň döwlet möçberinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Şeýle-de ýeňijilere hem-de bäsleşige gatnaşyjylaryň hemmesine ýörite sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.