Ï Ylym ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ylym ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 54
Ylym ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Ylym ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir» diýen temada ylmy-amaly onlaýn maslahat geçirildi.

Forum Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Gras tehniki uniwersitetiniň (Awstriýa) Elektronika institutynyň arasyndaky özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama esasynda, türkmen ýokary okuw mekdebiniň daşary ýurtly hyzmatdaş uniwersitetleriniň gatnaşmagynda guraldy.

Çäräniň maksady halkara akademiki hyzmatdaşlygyň uly ähmiýetini we amaly netijeliligini aýdyň görkezmekden hem-de ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, maslahatyň dowamynda türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň mysalynda iki uniwersitetiň alymlarynyň bilelikdäki ylmy barlaglarynyň üstünlikli netijeleri giň ylmy jemgyýetçilige tanyşdyryldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan hyzmatdaşlyk üçin açykdyr we milli ylym-bilim ulgamlaryny kämilleşdirmek, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak hem-de ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär. Bu gatnaşyklar talyplaryň we mugallymlaryň özara tejribe alyşmagyny, hünär kämilleşdiriş okuwlaryny, bilelikdäki ylmy-barlag we bilim taslamalaryny hem-de beýleki ugurlary öz içine alýar.

Maslahatyň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaş uniwersitetleriň professorlary, mugallymlary we talyplary, şol sanda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen bilelikde geçirýän ylmy barlaglarynyň netijeleri barada çykyş etdiler.

Maslahata gatnaşyjylarynyň mazmunly hasabatlary we tanyşdyryşlary häzirki zaman ylmynyň wajyp meselelerine, şol sanda iýmitlendiriş çeşmesine birikdirilen enjamlaryň elektromagnit şöhlelenmesini uzak aralykdan anyklamagyň innowasion tehnologiýalaryna, elektrostatik atym ulgamlary üçin elektrik zynjyrlaryny işläp düzmegiň öňdebaryjy tehnologiýalaryna, konus we silindr görnüşli spiral antennalaryny işläp taýýarlamaga we ölçemäge, elektron enjamlarynyň mikrotolkunly golografiýasyna, elektromagnit meýdanynyň datçiklerine, radiotolkunlaryň ýaýraýşyna hem-de beýleki ugurlara degişli boldy.

Maslahatyň netijeleri boýunça hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleri ylymda halkara hyzmatdaşlygyň ählumumy durnukly ösüşiň iň möhüm şerti hökmündäki uly ornuny nygtadylar. Gatnaşyjylar ylmyň we bilimiň wajyp hem-de has ähmiýetli ugurlarynda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge bolan özara ymtylmalaryny tassykladylar.