Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) ylmy barlaglary we innowasiýalary maliýeleşdirmek boýunça maksatnamasy bolan «Gözýetim Ýewropa» maksatnamasyna bagyşlanylan habar beriş mejlisi geçirildi.
Duşuşyk Ýewropa toparynyň Global Service Facility (GSF) guramasynyň wekili Kseniýa Sawçenkonyň gatnaşmagynda geçip, ol diňleýjilere 2026 – 2027-nji ýyllar üçin «Gözýetim Ýewropa» maksatnamasynyň çäklerinde alnyp baryljak işleriň we geçiriljek çäreleriň meýilnamalarynyň giňişleýin we jikme-jik syny bilen tanyşdyrdy.
Bilermeniň gatnaşmagyndaky çäre ylmy jemgyýetçiligiň wekilleriniň ÝB-niň maksatnamasynyň gurluşy, ylmy barlaglary we innowasiýalary maliýeleşdirmegiň, bu maksatnama biziň ýurdumyzyň gatnaşmagynyň mümkinçilikleri, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň alymlary we täzeçillik gözleýän wekilleri üçin onuň şertleri we düzgünleri barada bilimlerini ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berdi.
Duşuşygyň ahyrynda mejlisiň temasy boýunça giňişleýin pikir alyşmalar boldy, ÝB-niň maksatnamasynyň wekili çärä gatnaşyjylary gyzyklandyrýan hemme sowallara jogap berdi.
«Gözýetim Ýewropa» («Horizon Europe») maksatnamasy howanyň üýtgemegi, durnukly ösüş, energetika, saglygy goraýyş hem-de ÝB-niň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak babatda ählumumy wezipeleri çözmäge gönükdirilendir.
Bu ugurlarda maksatnama ylmy barlaglary we innowasiýalary goldamak üçin maýa goýumlary göz öňünde tutýar hem-de ÝB-niň ýurtlarynyň we assosirlenen agza döwletleriniň, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň alymlary we täzeçillik gözleýän wekilleri üçin açykdyr.
Global Service Facility (GSF) maksatnamanyň bir bölegi hem-de onuň «Gözýetim Ýewropa» boýunça wezipeleriniň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygyny goldamaga, maksatnamanyň başlangyçlaryny netijeli ornaşdyrmaga we öňe ilerletmäge gönükdirilen hyzmat ediş guraly bolup durýar.