Ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak baradaky döwlet syýasatynyň çäklerinde Türkmenistan Rumyniýa bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde geljek okuw ýylynda türkmen ýaşlaryny bu ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerine okuwa ibermek baradaky teklibi makullady.
Milli ykdysadyýetimiz üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary, bilim we pedagogika ylymlary, oba hojalygy we oba hojalyk ylymlary inženerçilik işi, tehnologiýalar we tehniki ylymlar, matematika we tebigy ylymlar, ýaly ugurlar saýlanyp alyndy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ýaşlaryň abraýly daşary ýurt ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini, munuň bolsa ykdysadyýetiň pudaklaryny ýokary hünärli hünärmenler bilen üpjün etmäge ýardam berýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer B.Mämmedowa degişli tabşyryklary berdi.