Ï Zimbabweniň wekiliýeti türkmen ýokary okuw mekdeplerine bardylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Zimbabweniň wekiliýeti türkmen ýokary okuw mekdeplerine bardylar

view-icon 145
Zimbabweniň wekiliýeti türkmen ýokary okuw mekdeplerine bardylar
Zimbabweniň wekiliýeti türkmen ýokary okuw mekdeplerine bardylar
Zimbabweniň wekiliýeti türkmen ýokary okuw mekdeplerine bardylar
Zimbabweniň wekiliýeti türkmen ýokary okuw mekdeplerine bardylar

Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky syýasy geňeşmelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Zimbabwe Respublikasynyň daşary işler we halkara söwdasy boýunça Hemişelik sekretary Albert Ranganaý Çimbindiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet türkmen ýokary okuw mekdeplerinde boldular.

Türkmenistana saparynyň çäklerinde daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri bilen duşuşdylar.

Ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary, mugallymlary we talyplary bilen bolan duşuşykda jenap Albert Ranganaý Çimbindi Zimbabweniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny, Afrika bileleşiginiň çäklerinde özara gatnaşyklaryny hem-de häzirki dünýä gurluşynda ösüp barýan döwletleriň ornuny giňişleýin beýan etdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine bilelikde garadylar.

Soňra işjeň maslahatlaşma geçip, onuň çäklerinde geljekki diplomatlar Zimbabweniň wekillerine Afrika yklymynyň ykdysady ösüşi, söwda gatnaşyklary hem-de öňdebaryjy halkara guramalaryň çäklerinde bilelikdäki işler barada sowallary berdiler.

Daşary ýurtly wekiliýet agzalary talyplaryň ýokary bilim derejesini hem-de dünýä syýasatynyň seljerilmesine täzeçil çemeleşmelerini bellediler.

Soňra myhmanlar üçin institut boýunça tanyşdyryş çäresi guralyp, onuň dowamynda olar Türkmen diplomatiýasynyň taryhy muzeýine baryp gördüler.

Zimbabweniň wekiliýeti ýurdumyza saparynyň dowamynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde-de boldular.

Ýokary okuw mekdebiň talyplary we mugallymlary üçin jenap Albert Ranganaý Çimbindi häzirki zamanyň halkara gatnaşyklaryna degişli möhüm meselelere bagyşlanan mazmunly umumy sapak geçdi.

Hormatly myhman öz çykyşynda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, diplomatik gatnaşyklary berkitmegiň ýollary, şeýle hem häzirki eýýamda ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň eýeleýän orny barada giňişleýin gürrüň berdi. Durnukly ösüşi üpjün etmek üçin döwletleriň arasyndaky ynanyşmak we deňhukuklylyk dialogunyň ähmiýeti nygtaldy.

Okuw sapagynyň ahyrynda daşary ýurtly myhman halkara gatnaşyklary boýunça bilim alýan talyplaryň sowallaryna jogap berdi. Soňra döwletara hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary, sebitara hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri hem-de halkara guramalaryň eýeleýän orny baradaky temalar boýunça bilelikdäki maslahat geçirildi.

Oňa gatnaşyjylar şeýle duşuşyklaryň halkara gatnaşyklary ulgamynda bilimleriň giňeldilmegine we ýaş hünärmenleriň taýýarlanylmagyna uly goşant goşýandygyny bellediler.

Zimbabweniň wekiliýetiniň gatnaşmaklaryndaky çäreler Türkmenistanyň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasatynyň we Afrika yklymynyň ýurtlary bilen gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça yzygiderli tagallalaryň netijelidiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.