Şu ýylyň 25-26-njy fewralynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) Kawkaz, Merkezi Aziýa we Mongoliýa ýurtlarynyň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça sebitleýin merkezi tarapyndan guralan «Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynda ykdysady syýasatyň ugurlary we sebitleýin durnuklylygy» atly maslahat geçirildi.
Forumyň çäklerinde Türkmenistana Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň maliýe kafedrasynyň müdiri Abdykerim Muhanow hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň ykdysady nazaryýet kafedrasynyň müdiri Ruslan Jumaýew wekilçilik etdiler.
Türkmen wekilleri öz çykyşlarynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeler, salgyt-býujet syýasatynyň durmuşa geçirilişi, makroykdysady görkezijileriň durnukly ösüşi, maliýe we pul-karz ulgamynyň netijeli işlemegi hem-de Türkmenistanyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň we hiliniň yzygiderli ýokarlanmagy barada gürrüň berdiler.
Iki günlük sebitleýin maslahat sekiz bölümden ybarat bolup, onuň dowamynda gatnaşyjylar Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) orny we wezipeleri, pul-karz syýasatynyň we deflýasiýany dolandyrmagyň görnüşleri, fiskal syýasatynyň mehanizmleri, diwersifikasiýa we ykdysady ösüş üçin gurluş özgertmeleri, zähmet bazaryny ösdürmek ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Geçirilen maslahat hünär derejesini ýokarlandyrmak, peýdaly gatnaşyklary ýola goýmak, çekişmek, hünärmenleriň arasynda bilim we tejribe alyşmak, şeýle hem sebitlerde durnukly ösüşi gazanmak we ykdysady durnuklylygy üpjün etmek üçin bilelikdäki çözgütleri gözlemekde netijeli meýdança öwrüldi.