Ï Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby «Ylmy barlaglaryň gözýetimleri – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby «Ylmy barlaglaryň gözýetimleri – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

view-icon 121
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby «Ylmy barlaglaryň gözýetimleri – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh hünäri boýunça IV ýyl talyby Zyýada Ýusupowa Russiýa Federasiýasynyň «Ylmyň formulasy» ylmy barlaglar merkezi tarapyndan guralan «Ylmy barlaglaryň gözýetimleri – 2026» ylmy-barlaglar boýunça işlere degişli halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.

Türkmen ýokary okuw mekdebiniň talyp gyzy bäsleşikde «Beýik Seljuklar döwletiniň medeniýeti» diýen ylmy makalasy bilen onlaýn görnüşde çykyş etdi.

Halkara bäsleşigiň eminleri awtoryň ylmy-barlaglarynyň möhüm häsiýetine, çuňňurlygyna, döredijilikli çemeleşmesine hem-de ylmy işiniň bezelişiniň hiline ýokary baha berdiler. Gözden geçirilişiniň netijeleri boýunça Türkmenistanyň talyby «Iň gowy ylmy makala» diýen tapgyrda halkara bäsleşigiň ýeňijileriniň hataryna girdi we I derejeli diplom bilen sylaglandy.

«Ylmy barlaglaryň gözýetimleri – 2026» ylmy-barlaglar boýunça işlere degişli halkara bäsleşigine rus hem-de daşary ýurt bilim edaralarynyň talyplary, magistrantlary, aspirantlary, mugallymlary gatnaşdylar.

Çäre oňa gatnaşyjylara ylmy ukyplaryny açmaga, ylmy-barlaglaryň dürli ugurlarynda gazanan üstünliklerini görkezmäge hem-de hünär aragatnaşyklaryny ýola goýmaga ajaýyp mümkinçilik berdi.

Bäsleşik ylmy-barlag işlerine höweslendirmek, şeýle hem has zehinli we döredijilik taýdan işjeň talyplary, uçurymlary, ylmy edaralaryň işgärlerini hem-de bilim edaralarynyň mugallymlaryny ýüze çykarmak we goldamak maksady bilen her ýyl geçirilýär.