Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Maral Gullyýewa adaty kükürtden reňkleýji maddany almak tehnologiýasynyň awtory boldy.
Ýaş alymyň oýlap tapan işi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet intellektual eýeçilik gullugy tarapyndan bellige alyndy.
Ylmy iş uniwersitetiň himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň barlaghanasynda yhlasly alnyp barlyp, şol ýerde «Galkynyş» gaz käninde alynýan adaty kükürt bilen barlaghana synaglary geçirildi.
Birinji tapgyrda adaty kükürtden kükürt kislotasy alyndy. Soňra kükürt kislotasynyň alýuminiý bilen özara himiki täsirlenmesi esasynda alýumininiň sulfaty emele geldi. Soňra alnan alýumininiň sulfatyna gips, izwest hem-de birnäçe beýleki komponentler goşuldy. Birleşmäniň netijesinde reňkleýji we ýelimleýji maddalar alyndy.
Maddalaryň synag edilmegi zeperlenmä garşy durnukly bolan hem-de antiseptik häsiýetlere eýedigini görkezdi. Şeýle hem maddalaryň janly organizmler, daşky gurşaw we toprak üçin howpsuzdygy kesgitlendi.
Innowasion ugurly reňkleýji we ýelim maddalaryň önümçiligine geljekde ykdysady taýdan bähbitli hem-de çylşyrymly bolmadyk tehnologiýalar hökmünde garalýar. Alnan önüm halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, hususan-da, gurluşyk ulgamynda, kagyz, deri, dokma önümlerini öndürmekde we ykdysady taýdan ähmiýetli beýleki ugurlarda ulanylyp bilner.
Kükürdi gaýtadan işlemegiň täze mümkinçilikleri ýurtda nebitgaz we himiýa senagatynyň ösüşine uly täsir edip biler.