14-15-nji aprelde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ýaş alymlaryň ylmy taslamalarynyň «Ösüş üçin innowasiýalar – 2026» atly sergi-bäsleşigini guraýar.
Institut Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-barlag işleri bilen meşgullanýan hem-de ylmyň dürli ugurlarynda üstünlik gazanan talyplaryny çärä gatnaşmaga çagyrýar.
Sergi-bäsleşigine gatnaşmak isleýänler gatnaşjak talyplar, olaryň taslama işleri hem-de ylmy ýolbaşçylary baradaky maglumatlar beýan edilen resmi haty 1-nji aprele çenli Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna ibermelidir.
Bäsleşigiň geçirilişi we gatnaşjaklaryň bellige alnyşy baradaky giňişleýin maglumatlar mugallymçylyk institutynyň saýtynda ýerleşdirilendir.
Geçiriljek çäräniň maksady hünärleri boýunça döredijilige, ylmy-taslama we barlag işlerine aýratyn gyzyklanma bildirýän zehinli ýaş alymlary ýüze çykarmakdan, goldamakdan, türkmen ýaşlaryny ylma çekmekden hem-de ylmy maglumatlary özara alyşmak, netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, ýaşlaryň ylmy jemgyýetçiligini giňeltmek we ylym-bilim ulgamynda ýokary okuw mekdepleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek üçin meýdança döretmekden ybaratdyr.