Ï Moskwanyň lingwistik ýokary okuw mekdebi türkmen dilini okuw maksatnamalarynyň sanawyna girizmegi meýilleşdirýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Moskwanyň lingwistik ýokary okuw mekdebi türkmen dilini okuw maksatnamalarynyň sanawyna girizmegi meýilleşdirýär

view-icon 105
Moskwanyň lingwistik ýokary okuw mekdebi türkmen dilini okuw maksatnamalarynyň sanawyna girizmegi meýilleşdirýär

Moskwanyň döwlet lingwistik uniwersitetinde (MDLU) ýokary okuw mekdebiň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň geňeşçisi Serdar Durdyýew bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň esasy meselesi türkmen ynsanperwer ugurlarynyň GDA gatnaşyjy döwletleriň dilleri we medeniýeti boýunça esasy gurama bolup durýan öňdebaryjy lingwistik merkeziň okuw meýilnamalarynda bolmagyny giňeltmekden ybarat boldy.

Hususan-da, MDLU-nyň türkmen dilini esasy bilim maksatnamalarynyň sanawyna girizmegi meýilleşdirýändigi beýan edildi. Munuň özi, geljekde rus we daşary ýurtly talyplaryň ony esasy ýa-da ikinji daşary ýurt dili hökmünde hünär derejesinde öwrenip biljekdiklerini aňladýar.

Taraplar MDLU-nyň binýadynda okatmak, medeni forumlary we döredijilik duşuşyklaryny geçirmek üçin meýdança öwrüljek Türkmen dili we medeniýeti merkezini açmagyň, şeýle hem ynsanperwer gepleşikleri, bilim we ylmy gatnaşyklary, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň hem-de pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Moskwanyň döwlet lingwistik uniwersitetinde häzirki wagtda esasy ýewropa we gündogar dilleri, şeýle hem GDA döwletleriniň we Baltika ýurtlarynyň dilleri bilen birlikde, 40-a golaý daşary ýurt dilleriniň okadylýandygyny bellemek gerek.