Türkmenistanda ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 9 – 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan geçirilýän «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly IV utgaşykly olimpiadanyň I tapgyry tamamlandy.
Şu ýyl olimpiada ýurdumyzyň ähli künjeginden ýokary synp okuwçylaryň 20 müňden gowragyny bir ýere jemledi. Olar matematika, fizika, himiýa, biologiýa derslerinden bilimlerini hem-de logiki pikirlenmek başarnyklaryny görkezdiler.

Guramaçylaryň belleýişleri ýaly, olimpiada gatnaşmak isleýänleriň sany garaşylýan möçberden aňry geçdi, bu bolsa, begendirýär hem-de okuwçylaryň ylymlary öwrenmäge bolan gyzyklanmalarynyň durnukly ýokarlanýandygyna we ýaşlaryň arasynda olimpiadanyň abraýynyň artýandygyna şaýatlyk edýär.
Bäsleşige gatnaşanlaryň arasynda ylmy taslamalar boýunça geçirilen iri bäsleşikleriň, iňlis dili, tebigy we takyk ylymlar boýunça döwlet we halkara olimpiadalarynyň ýeňijileriniň bardygyny bellemek gerek. Bu bolsa olimpiadanyň ähmiýetini we abraýyny has-da artdyrýar.

Häzirki günde okuwçylar üçin etrap derejesinde geçirilen olimpiadanyň I tapgyry eýýäm tamamlandy. Bäsleşige gatnaşanlaryň işleriniň netijelerine adalatly baha berilmegini üpjün etmek hem-de olimpiadanyň 8-nji aprelde geçiriljek II tapgyryna taýýarlyk görmek boýunça işler ýokary derejede alnyp barylýar.
Olimpiada däp boýunça türkmen we iňlis dillerinde 3 tapgyrda – etrap, welaýat we döwlet derejesinde geçirilýär. Olimpiadanyň I we II tapgyrlaryny üstünlikli geçen okuwçylar onuň jemleýji, III tapgyryna gatnaşmak üçin Aşgabada çagyrylarlar. Jemleýji tapgyr iýun aýynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň binýadynda geçiriler.

«Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly utgaşykly olimpiada dördünji ýyl yzygiderli geçirilýär hem-de ýurdumyzyň zehinli ýaşlaryny çekmek boýunça uly işleri alyp barýan uniwersitetiň hünäre ugrukdyryş häsiýetli netijeli taslamalarynyň biridir.