Ï Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy bellenildi

view-icon 110
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy bellenildi

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan «Kuwwatly döwletiň täze Galkynyş eýýamynda ylym, bilim, innowasiýa we telekeçilik» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahaty uniwersitetiň rektory H.Kadyrow açyp, oňa gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Uniwersitetiň ýolbaşçysy öz çykyşynda kuwwatly döwletiň täze Galkynyş eýýamynda milli ylym we bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegine we çalt ösmegine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlar üçin edýän ägirt uly tagallalary netijesinde döwletiň ýaş raýatlarynyň hemmetaraplaýyn ösmegi, ýokary hilli bilim almagy, ylmy we telekeçilik işleri bilen meşgullanmagy, şol sanda dünýäniň öňdebaryjy ylym we bilim merkezleri bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolmagy üçin giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Forumdaky çykyşlarda ýaşlaryň özbaşdak zähmet çekmegi, üstünlikli bilim almagy we ylmy iş bilen meşgullanmagy, hünär taýdan ösüşi hem-de sanly sowatlylygynyň ösdürilmegi üçin zerur şertleriň döredilmeginiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy hem bellenildi.

Uniwersitetiň mugallymlarynyň belleýşi ýaly, bilim strategiýasynyň esasy maksatlary ýaşlaryň ykdysady ylymlar baradaky habardarlygyny ýokarlandyrmak, işewürlik taslamalaryny durmuşa geçirmegiň netijeli usullaryny öwretmek we sanly tehnologiýalary ulanmak başarnyklaryny ösdürmekden ybaratdyr.

Maslahatyň dowamynda uniwersitetiň mugallymlary bazar ykdysadyýetinde hususy telekeçiligi ösdürmegiň ähmiýeti, maliýe tehnologiýalary (FinTech), Türkmenistanda halkara işewürligiň ösüşi, türkmen telekeçileriniň eksport mümkinçilikleri, ýerli önümçilikden dünýä derejesinde ykrar edilmegi, zenan telekeçiler, nepisligiň we işewürligiň sazlaşygy baradaky temalar boýunça çykyş etdiler.

Gatnaşyjylaryň hödürlän işleriniň hemmesi ylmy-amaly maslahatyň hasabatlarynyň ýörite ýygyndysynda çap edildi.