Ï Aşgabatda matematika boýunça VI Açyk olimpiada başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda matematika boýunça VI Açyk olimpiada başlandy

view-icon 103

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde (HYYÖU) ýokary okuw mekdebiniň talyplary üçin VI Açyk matematika olimpiadasy (Open Mathe matical Olympiad for University Studen ts – OMOUS – 2026) başlandy.

Bu ýyl olimpiada ildeşlerimizden we daşary ýurtlardan 600-den gowrak zehinli matematikaçyny bir ýerde jemledi. Ýurdumyz ýaryşa ýerli ýokary okuw mekdeplerinden 400-den gowrak talyp bilen gatnaşýar. Aşgabada Russiýanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, BAE-niň, Germaniýanyň, Gresiýanyň, Wengriýanyň we Niderlandlaryň esasy uniwersitetlerinden 250-ä golaý talyp geldi.

Myhmanlary türkmen paýtagtynda garşylamak we uniwersitetde olimpiadanyň dabaraly açylyşy çuňňur dostlukly hem myhmansöýer ýagdaýda bolup geçdi. Bu halkara çäräni ýokary derejede guramaçylykly geçirmek üçin, ähli zerur şertler döredilipdir.

Matematika bäsleşigi şahsy we toparlaýyn ýaryşlary öz içine alýar. Bäsdeşler şahsy ýaryşlarda «A» we «B» toparlara bölünerler. «A» topara matematika we kompýuter ylymlary ugurlary boýunça bilim alýan talyplar girýärler, «B» topar bolsa inženerçilik, tehnologiýalar, ykdysadyýet we dolandyryş ugurlary boýunça talyplary öz içine alýar.

Toparlaýyn bäsleşige, hünärine garamazdan, bir ýa-da birnäçe ýokary mekdebiň talyplaryndan ybarat bolan toparlar (her biri dört adamdan) gatnaşýarlar.

Bäsleşigiň eminler düzümine Türkmenistanyň we gatnaşýan beýleki ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professorlarydyr mugallymlary girýär. Olimpiada türkmen we iňlis dillerinde geçirilýär.

Çylşyrymly matematika meselelerini öz içine alýan bilim bäsleşiklerinden başga-da, olimpiada gatnaşýanlara gyzykly medeni we tanyşlyk maksatnamasy garaşýar. Oňa taryhy ýadygärliklere, muzeýlere we gözel ýerlere gezelençler, şeýle hem türkmen paýtagtyndaky söwda we dynç alyş merkezlerine baryp görmek we beýleki çäreler girýär.

HYYÖU tarapyndan her ýyl geçirilýän matematika olimpiadasy ýaşlaryň arasynda meşhurdyr we ýaş zehinleri goldamak, talyplary takyk ylymlary öwrenmäge höweslendirmek, dostlukly gatnaşyklary giňeltmek we berkitmek, medeniýetara aragatnaşygy ösdürmek, bilim hem tejribe alyş-çalşygy, şeýle-de dünýäniň akademiki jemgyýetiniň wekilleriniň arasynda berk gatnaşyklary ýola goýmak üçin netijeli ýerlik bolup hyzmat edýär.