Ï Ýokary, orta hünär we umumy bilim berýän orta okuw mekdepler üçin täze kitaplar neşir edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýokary, orta hünär we umumy bilim berýän orta okuw mekdepler üçin täze kitaplar neşir edildi

view-icon 164
Ýokary, orta hünär we umumy bilim berýän orta okuw mekdepler üçin täze kitaplar neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi boýunça ýurdumyzyň ýokary, orta hünär we umumy bilim berýän orta okuw mekdepleri üçin täze kitaplar çapdan çykdy.

T.Babaýewa tarapyndan taýýarlanylan «Hünär boýunça rus dili» kitaby türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň dil taýýarlygyna niýetlenilendir. Neşir dillere degişli bolmadyk ugurlaryň talyplaryna, şol sanda halkara ykdysady gatnaşyklar taýýarlyk ugruna niýetlenendir.

Kitap 136 okuw sagadyna niýetlenip, işewür ýazgylar, resminamalary taýýarlamak, gepleşikleri we tanyşdyrmalary geçirmek, halkara taslamalaryna gatnaşmak bilen birlikde hünär taýdan aragatnaşyk saklamak başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Kitapda alnan bilimleri synag etmek maksady bilen özbaşdak iş üçin tekstler we ýumuşlar berilýär.

Şeýle hem «English for International Lawyers» («Halkara-hukukçylar üçin iňlis dili») täze okuw kitaby hünär ulgamynda daşary ýurt dillerine erk etmegiň ýokary derejesini gazanmagy maksat edinýär. Ol halkara hukugy we halkara gatnaşyklary ugurlary boýunça okaýan talyplara niýetlenilendir.

Okuw kitabynyň awtorlary M.Orazowa we A.Öwezowadyr. Neşir 12 bölümi özünde jemleýär hem-de Türkmenistanyň, Beýik Britaniýanyň we ABŞ-nyň hukuk ulgamlarynyň esaslary, şeýle hem halkara hukuk hyzmatdaşlygy baradaky meseleler bilem birlikde giň ugurlary gurşap alýar.

Şeýle okuw kitaplarynyň taýýarlanylmagy halkara gatnaşyklarynyň ösüşiniň häzirki zaman şertlerinde aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda iňlis we rus dilleri hünär taýdan aragatnaşyk etmegiň möhüm gurallary hökmünde çykyş edip, döwletleriň hem-de dünýäniň dürli ýurtlarynyň hünärmenleriniň arasynda netijeli gatnaşyklara ýardam edýär.

Lukmançylyk ulgamynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen neşirler täze okuw edebiýatlarynyň hataryna girdi.

Lukmançylyk ugurly orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary üçin «Umumy himiýa» kitabyny M.Amangulyýew, A.Altyýew, M.Nurgeldiýew we T.Rozyýewa taýýarladylar. Kitapda atomyň gurluşy, himiki elementleriň periodik kanuny we periodik ulgamy, himiki arabaglanyşyk, garyndylar, himiki täsirlenmeleriň kinetikasy, şeýle hem organiki birleşmeleriň düzümi we häsiýeti bilen birlikde organiki däl hem-de organiki himiýanyň esasy düzgünleri giňişleýin beýan edilýär.

Hassalar bilen zerur işleri netijeli we öz wagtynda geçirip bilýän orta hünär derejeli saglygy goraýyş ulgamynyň geljekki hünärmenleri üçin «Onkologiýa» at bilen täze okuw kitaby çap edildi. Onuň awtorlary J.Hojamyradow hem-de N.Söýüngulyýewadyr.

Kitap «Umumy onkologiýa» we «Ýörite onkologiýa» diýen iki bölümden ybarat bolup durýar. Neşirde onkologiýanyň, epidemiologianyň taryhy we ösüşi hem-de çişli keselleriň görnüşleri, keselleri anyklamagyň, öňüni almagyň we onkologiýa kesellerini bejermegiň aýratynlyklary barada esasy maglumatlar getirilýär.

Kitapda keselleri irki döwründe ýüze çykarmak meselelerine, olaryň ýüze çykmak töwekgelçiliginiň ýagdaýlaryna, şeýle hem olaryň öňüni almagyň we garşysyna göreşmegiň häzirki zaman usullaryna aýratyn üns berlipdir. Täze neşir lukmançylyk biliminiň hilini ýokarlandyrmaga hem-de ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan mugallymçylyk ugurly geljekki hünärmenleriň hünär taýdan üstünlikli kemala gelmekleri üçin awtorlar O.Handurdyýewanyň hem-de B.Garahanowyň «V–VI synplarda türkmen dilini okatmagyň usulyýeti» diýen okuw kitaby neşir edildi.

Kitap 9 bölümden ybarat bolup, okuw işini guramaga döwrebap çemeleşmeler, fonetikany, orfografiýany, leksikany, morfologiýany, stilistikany okatmagyň usullary hem-de talyplaryň ýazuw we dilden sözleýişini ösdürmek bilen birlikde türkmen dilini okatmagyň möhüm meselelerini öz içine alýar.

Kitap geljekki mugallymlaryň usulyýet bilimlerini kämilleşdirmäge, sapaklary guramagyň netijeli görnüşlerini ornaşdyrmaga hem-de ene dilini okatmagyň hilini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Ý.Orazgylyjowyň «Türkmenistanyň taryhy» diýen ýene-de bir täze okuw kitaby ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylaryna niýetlenilendir.

Kitap 3 bölümden we 12 bapdan ybarat bolup, Garaşsyzlyga eýe bolmakdan hem-de özgertmeleriň başlanmagyndan başlap, durnukly ösüşiň häzirki zaman döwrüne çenli ýurdumyzyň möhüm tapgyrlaryny öz içine alýar.

Kitap okuwçylaryň seljeriş häsiýetli pikirlenişini ösdürmäge, öz ýurtlarynyň iň täze taryhy barada toplumlaýyn düşünjeleriniň kemala gelmegine, döwlet ösüşiniň, ýaşlaryň raýat jogapkärçiliginiň hem-de watançylyk taýdan terbiýesiniň möhüm düzümi bolup durýan jemgyýetçilik-syýasy işleriň we milli ileri tutulýan ugurlaryň aýratynlyklaryna düşünmeklerine gönükdirilendir.