Ï Iňlis dili boýunça geçirilen IV olimpiadanyň ýeňijileri yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Iňlis dili boýunça geçirilen IV olimpiadanyň ýeňijileri yglan edildi

view-icon 129
Iňlis dili boýunça geçirilen IV olimpiadanyň ýeňijileri yglan edildi

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 11 – 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda ýokary okuw mekdep tarapyndan geçirilen iňlis dili boýunça IV olimpiadanyň ýeňijilerini yglan etdi.

Şu ýyl olimpiada ýurdumyzyň ähli künjeklerinden 3 müňden gowrak zehinli okuwçylary bir ýere jemledi. Olar ders boýunça taýýarlyklaryny, dile erk edip biliş derejelerini, özbaşdak işlemek başarnyklaryny hem-de döredijilik ukyplaryny görkezdiler.

Olimpiadanyň netijeleri boýunça I orny Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Gülaýym Garryjaýewa eýeledi.

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 10-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçylary Gülgunça Ruslanowa hem-de Kamilla Ýusupowa II orny eýelediler.

III orna Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Nurmuhammet Isgenderow we ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Atamyrat Jumaýew, şeýle hem Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Güljemal Annagylyjowa mynasyp boldular.

Ýeňijiler Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň diplomlary hem-de ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar. Mundan başga-da zehinli ýaşlary ösdürmäge we olary hünäre ugrukdyrmaga uly goşant goşan mekdep mugallymlaryna institutyň Hormat hatlary gowşuryldy.

Olimpiada iki tapgyrda geçirildi. Birinji tapgyr onlaýn görnüşde geçirildi. Oňa gatnaşyjylara «Okamakdan herekete tarap» diýen tema boýunça iňlis dilinde düzme ýazmak teklip edildi. Munuň özi bäsleşijileriň döredijilikli pikirleniş we ýazuw endiklerini açmaga mümkinçilik berdi. Guramaçylyk toparynda bellenilişi ýaly, ençeme işler baý mazmuny, beýan edijiligi hem-de iňlis edebi diliniň kadalaryna laýyk gelmegi bilen tapawutlanýar.

Birinji tapgyryň jemleri boýunça gatnaşanlaryň iň oňat 25-si olimpiadanyň ikinji tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandylar. Bu tapgyr D.Azady adyndaky TMDDI-niň binýadynda göni gatnaşmak arkaly geçirildi we oňa gatnaşyjylaryň bilimlerini barlamak üçin berk synaga öwrüldi. Mekdep okuwçylaryna okamak, ses bermek hem-de iňlis diliniň grammatikasy boýunça çylşyrymly ýumuşlaryň 10-sy taýýarlanyldy. Olary ýerine ýetirmek üçin 90 minut wagt berlip, şol wagtyň dowamynda bäsleşijiler nazary bilimlerini we dile erk etmegiň amaly başarnyklaryny görkezdiler.

Olimpiadanyň halkara ölçeglerine laýyklykda geçirilmegini üpjün etmek, onuň mazmunyny baýlaşdyrmak hem-de ýaşlaryň bäsleşige bolan gyzyklanmasyny artdyrmak üçin guramaçylyk toparynyň hem-de eminleriň düzümine türkmen we institutyň hyzmatdaş daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri girdiler.

Hususan-da, olimpiadanyň geçirilmegine Özbek döwlet dünýä dilleri uniwersitetiniň tejribeli hünärmenleri – iňlis diliniň amaly ugurlary kafedrasynyň müdiri, dosent Şahadat Usmanowa, şeýle hem bu kafedranyň mugallymy Bahadir Babanow işjeň gatnaşdylar. Olimpiada üçin ýumuşlar hem-de testler türkmen we özbek ýokary okuw mekdepleriniň hünärmenleriniň bilelikde gatnaşmaklarynda işlenilip taýýarlanyldy.

Bäsleşigiň geçirilmegi ýaş zehinleri ýüze çykarmaga we goldamaga, iňlis diliniň okadylyşyny kämilleşdirmek babatda ýokary okuw we orta okuw mekdepleriň özara gatnaşyklaryny berkitmäge we giňeltmäge, şeýle hem okuwçylaryň olary öwrenmäge bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmäge gönükdirilendir.

Iňlis dili boýunça IV olimpiadanyň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan diller boýunça her ýyl geçirilýän olimpiadalaryň tapgyryna girýändigini bellemek gerek. Mekdep okuwçylary üçin ýeňil bolmadyk indiki bäsleşik fransuz dili boýunça III olimpiadadyr. Ol 4-nji aprelde geçiriler.