Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň çäklerinde «Lu Ban ussahanasyny» açmak baradaky meseleleri türkmen ýokary okuw mekdebiniň, Sian nebit uniwersitetiniň hem-de HHR-iň Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri onlaýn duşuşykda bilelikde ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyk Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, Hytaýyň Milli nebit korporasiýasynyň (CNPC), bilim ulgamynda halkara alyşmalar boýunça Hytaý assosiasiýasynyň arasynda Türkmenistanda «Lu Ban ussahanasyny» döretmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde geçirildi.
Iş maslahatynyň dowamynda türkmen we hytaý ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barlan işleriň netijelerine, «Lu Ban ussahanasyny» açmak we onuň işlemegi, taslamanyň amala aşyrylmagynyň häzirki tapgyry bilen baglanyşykly möhüm meselelere, şeýle hem ileri tutulýan wezipelere hem-de hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryna garadylar.
Uniwersitetiň çäklerinde «Lu Ban ussahanasyny» döretmek üçin bölünip berlen meýdançada alnyp barylýan işleriň öz wagtynda bellenen talaplara we öňde goýlan wezipelere laýyklykda amala aşyrylýandygy bellenildi.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda «Lu Ban ussahanasynyň» döredilmegi köp babatda ýokary derejeli hünärmenleri, innowasion tehnologiýalaryň depginli ösýän şertlerinde çuňňur bilimlere, hünär başarnyklaryna eýe bolan inženerleri, tehnologlary taýýarlamaga ýardam eder.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bilelikde durmuşa geçirilýän taslamanyň bilim we ylym ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.
Anastasiýa Kasýanowa