Ï «Çapar Pay» goşundysyna «Ekitap» abuna hyzmaty goşuldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Çapar Pay» goşundysyna «Ekitap» abuna hyzmaty goşuldy

view-icon 114
«Çapar Pay» goşundysyna «Ekitap» abuna hyzmaty goşuldy

Türkmenistanda sanly aragatnaşygyň ösüşi onlaýn hyzmatlaryň goşmaça gurallardan raýatlaryň gündelik rahatlygynyň esasyna öwrülen tapgyryna ýetdi.

Bu özgerişleriň merkezinde «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kärhanasynyň «Çapar Pay» mobil goşundysy durýar.

Häzirki wagtda bu goşundy onlarça hyzmaty birleşdirýär – ulag peteklerini satyn almakdan başlap, dürli tölegleri tölemek, mobil aragatnaşyk we telewideniýe hyzmatlaryny dolandyrmak ýaly mümkinçilikleri öz içine alýar. Şeýle çemeleşme paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň ýaşaýjylarynyň durmuşyny ýeňilleşdirip, edaralara we kassalara barmak zerurlygyny aýyrdy.

«Çapar Pay» goşundysynyň multimedia bölüminiň mümkinçiliklerini giňeltmegiň nobatdaky tapgyry hökmünde «Ekitap» hyzmatyna abuna tölegini amala aşyrmak mümkinçiligi girizildi. Bu bolsa maliýe we poçta gurallaryndan başga-da, döwrebap bilim almak mümkinçiligine elýeterliligi artdyrýar.

Abuna ýazylan ulanyjylar müňlerçe eseri öz içine alýan sanly kitaphana arkaly edebiýat baradaky täzelikleri şeýle-de kitaphanalar ulgamlary bilen tanşyp bilerler. Ýygyndylar toplumynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplary hem-de Gahryman Arkadagymyzyň eserleri aýratyn orun tutýar, olar sanly hem-de audiokitap görnüşinde elýeterlidir.

Abunany işjeňleşdirmek üçin diňe telefon belgi gerek. Indi size gerek bolan kitaplar hemişe elýeterlidir we olary islendik wagt, hatda internet birikmesi bolmasa-da, enjamyňyza göçürip alyp okap we diňläp bilersiňiz.

«Çapar Pay» goşundysy töleg ulgamynyň ösüş taryhy ýurduň sanlylaşdyrma ugrunyň umumy tendensiýasyny görkezýär. Goşundy ýönekeý töleg hyzmatyndan kem-kemden ähli zerur hyzmatlary bir smartfonda jemleýän bitewi ekoulgama öwrüldi. Döwrebap we düşnükli interfeýs ulanyjylara ähli amallary ýeňil we çalt ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

«Türkmenpoçta» müşderileriň isleglerine laýyklykda öz hyzmatlaryny yzygiderli kämilleşdirýär we täze peýdaly mümkinçilikleri ornaşdyrýar. Bu goşundy öz wagtynyň gymmatyny bilýän her bir adam üçin uniwersal gural bolup durýar. «Çapar Pay» goşundysyny «Google Play» we «App Store» arkaly tölegsiz ýükläp bolýar.