Ï Aşgabatda türk aşhanasynyň hepdeligi badalga aldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda türk aşhanasynyň hepdeligi badalga aldy

view-icon 261
Aşgabatda türk aşhanasynyň hepdeligi badalga aldy

Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynda däp boýunça 21–27-nji maý aralygynda geçirilýän türk aşhanasynyň hepdeligine bagyşlanan dabaraly kabul edişlik geçirildi. Çärä Türkmenistanyň edaralarynyň, diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Türk aşhanasy çorbalaryň, et we balyk tagamlarynyň, täze gök önümli işdäaçarlaryň, dürli ragularyň hem-de nepis çörek, hamyr önümleriniň çäksiz köpdürlüligi bilen tanalýar. «Türk aşhanasynyň hepdeligi» atly halkara taslama dünýäniň dürli ýurtlarynda giň köpçüligi bu özboluşly gastronomik medeniýeti bilen tanyşdyrmagy maksat edinýär.

Myhmanlaryň öňünde çykyş eden Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok bu taslamanyň Türkiýe Respublikasynyň birinji hanymy Emine Ärdoganyň howandarlygynda milli gastronomiýany dünýä derejesinde wagyz etmek maksady bilen ýola goýlandygyny aýtdy. Onuň redaksiýasy bilen neşir edilen «Türk aşhanasy: wagt synagyndan geçen tagamlar» atly kitap bu başlangyjyň esasy sütünleriniň biri boldy. Bu eser Türkiýäniň aşpezlik mirasynyň tygşytly, ekologik we durnukly häsiýetini açyp görkezýär.

Diplomat taryhy meňzeşliklere ýüzlenip, türk we türkmen halklarynyň iýmit medeniýetinde köp umumylygyň bardygyny belledi.

«Türkmen aşhanasy ýaly, türk aşhanasynyň hem kökleri gadymy döwürlere uzap gidýär, ol siwilizasiýalaryň çatrygynda kemala gelipdir. Häzirki wagtda bolsa dünýäniň öňdebaryjy gastronomik medeniýetleriniň biri hökmünde mynasyp orun eýeleýär. Türkiýäniň her bir sebiti ýerli önümlere esaslanýan özboluşly aşpezlik aýratynlygyny hödürleýär» diýip, diplomat nygtady.

Ahmet Demirok Türkiýe bilen doganlyk Türkmenistan döwletiniň aşpezlik däpleriniň agzybirlik we çuňňur jebislik gymmatlyklaryna esaslanýandygyny hem aýratyn belläp geçdi.

«Türk saçagy maşgalalaryň bir ýere jemlenýän mukaddes giňişligidir, bu ýere gelen her bir adam bolsa diňe bir myhman däl-de, eýsem, «Hudaýyň myhmany» hasaplanylýar. Desterhan dürli ýaşdaky adamlary birleşdirip, jemgyýetçilik sazlaşygynyň we özara hormatyň güýçli guraly bolup hyzmat edýär. Biziň baý saçaklarymyz ýürekden gelýän myhmansöýerligi we jebisleşmäge bolan ymtylyşy şöhlelendirýär» diýip, diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy sözüni jemledi.