Geçen hepdäniň wakalary Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýaly üýtgewsiz ýörelgeler arkaly Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döredijilikli strategiýanyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýändigini nobatdaky gezek aýdyň tassyklady.
22-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny işläp düzmek, Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny özleşdirmek, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça wezipeleri durmuşa geçirmek, demir ýol ulagy pudagynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek, oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlanan dabaralara, şu ýylyň iýun aýynda geçirilmegi meýilleşdirilen esasy çärelere taýýarlyk görmek baradaky teklipler hödürlenildi. Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen özara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça birnäçe teklipler beýan edildi. Hususan-da, Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnamanyň gutarnykly görnüşini ara alyp maslahatlaşmak üçin degişli iş toparynyň nobatdaky mejlisini şu ýylyň 10-njy iýunynda geçirmek teklip edildi.
Ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy bilen bagly bu guramanyň çäklerinde döredilen Türkmenistan boýunça iş toparyna başlyklyk etmek üçin doly ygtyýarly agza ýurtlaryň arasyndan birini kesgitlemek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda BSG bilen bilelikde Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş umman sebitlerinden bolan ýurtlaryň arasyndan saýlamak we kesgitlemek, ýurdumyzyň BSG-ä agza bolmagy bilen bagly gepleşikleri alyp barjak Milli gepleşik toparyny döretmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň halkara guramalar, şol sanda Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini, ony giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu gurama bilen netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlise gatnaşyjylary möhüm syýasy waka — Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen hödürlenen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda 27-28-29-njy maýda Gurban baýramynyň belleniljekdigini aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Gurban baýramyny bellemek hakynda Permana gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we “Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamalaryny öz wagtynda taýýarlamak boýunça işleri guramagy hem-de olary 2026-njy ýylyň 1-nji noýabryna çenli Ministrler Kabinetine hödürlemegi tabşyrýan Karara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli strategiýany” hem-de bu Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda umumybilim berýän mekdepleri, çagalar bagyny we saglyk öýüni gurmak hakynda Karara gol çekdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 3-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 10-njy iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi hem-de zähmetsöýer gallaçy daýhanlara, ähli oba zähmetkeşlerine işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
22-nji maýda paýtagtymyzdaky “Garagum” myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Arkalaşygyň ýurtlarynyň wekiliýetleri Aşgabada geldiler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi.
Mejlisiň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy. Türkmen tarapy özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, ulag arabaglanyşygyny giňeltmäge, sanly tehnologiýalary ösdürmäge, senagat integrasiýasynyň döwrebap gurallaryny döretmäge aýratyn üns berdi. Şeýle hem senagat kooperasiýasyny giňeltmegiň, energetika, himiýa we dokma senagaty, dag-magdan toplumy, gurluşyk serişdelerini öndürmek ýaly ulgamlarda wajyp taslamalary durmuşa geçirmegiň geljeginiň uludygy bellenildi. Maslahat-sergi işi, senagat toplumynyň pudaklarynda sanly özgertmeler ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlis tamamlanandan soňra, jemleýji resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Şolaryň hatarynda 2027-nji ýylda Minsk şäherini (Belarus Respublikasy), 2028-nji ýylda Karaganda şäherini (Gazagystan Respublikasy) “GDA-nyň ýaşlar paýtagty” diýip yglan etmek hakynda Çözgüt bar.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň netijeleri metbugat maslahatynda beýan edildi. Bellenilişi ýaly, gün tertibine girizilen meseleleriň ählisi boýunça degişli çözgütler kabul edildi, resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Mejlisiň netijeleriniň Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hökümet wekiliýetleriniň ýolbaşçylary we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirip, söwda-ykdysady, ynsanperwer ulgamlardaky özara hyzmatdaşlygyň uzak möhletli geljek üçin anyk ugurlaryny kesgitledi.
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda nygtalyşy ýaly, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk dostlugyň we özara hormat goýmagyň berk binýadyna esaslanýar. Söwda-ykdysady ulgam möhüm ugurlaryň biri hökmünde bellenildi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň özara söwdanyň möçberini artdyrmaga we harytlaryň görnüşlerini giňeltmäge, işewür toparlaryň wekilleriniň arasynda has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Aleksandr Turçin bilen geçirilen duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, şol sanda senagat kooperasiýasyny has-da ösdürmek, özara bähbitli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň netijeliligi bellenildi. Mundan başga-da, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky göni gatnaşyklary giňeltmegiň, saglygy goraýyş ulgamynda gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň alyp barýan işiniň aýratyn ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzyň Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşmegini nazara alyp, ilkinji nobatda, energetika, logistika, ulag ulgamlarynda bar bolan mümkinçilikleri doly ulanmagyň zerurdygyna üns çekildi. Duşuşygyň dowamynda dostlukly ýurduň Premýer-ministri hormatly Prezidentimizi özi üçin amatly wagtda sapar bilen Azerbaýjana gelmäge çagyrdy.
Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda dostlukly halklaryň bähbidine mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlyk tassyklanyldy. Söhbetdeşler abraýly halkara guramalaryň we sebit düzümleriniň, şol sanda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň, «Merkezi Aziýa +» hyzmatdaşlyk formatynyň çäklerinde daşary syýasat ulgamynda özara tagallalaryň utgaşdyrylmagyna ýokary baha berdiler. Döwlet Baştutanymyz ýakynda Astana şäherinde geçirilen hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm waka bolan Sebitleýin ekologiýa sammitiniň aýratyn ähmiýetine ünsi çekdi.
Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow bilen geçirilen duşuşykda ulag we logistika ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň geografik taýdan amatly ýerleşmegi bu ugurda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Şeýle-de ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen halkara atly sport we gözellik bäsleşikleriniň ahalteke atlarynyň dünýädäki abraýyny artdyrmakdaky ähmiýeti bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew bilen geçiren duşuşygynda ara alyp maslahatlaşdy. Ýokary derejeli myhman Gahryman Arkadagymyzyň geçen ýylyň aprel aýynda Gyrgyz Respublikasyna amala aşyran dostlukly saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýdyp, gyrgyz-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýratyn goşandyny belledi. Ulag, nebitgaz senagaty, elektroenergetika we oba hojalygy özara hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirildi.
Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen geçirilen duşuşykda deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekildi. Elektroenergetika, ulag, oba hojalygy, söwda ulgamlary, bilelikdäki iri düzümleýin hem-de maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek geljegi uly ugurlaryň hatarynda bellenildi. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmagyň wajypdygy aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolmak bilen, Arkalaşygyň giňişliginde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýär hem-de ulag-logistika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär. Ýurdumyzyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu Konsepsiýa köp sanly möhüm çäreleri özünde jemleýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu ýylyň 9-njy oktýabrynda Hazaryň ajaýyp kenarynda geçirilmegi meýilleşdirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi we bu sammitiň ýylyň esasy wakasy boljakdygyny belledi. Bu ýokary derejeli forumyň çäklerinde Arkalaşygyň giňişliginde özara ynanyşykly hyzmatdaşlygyň binýadyny has-da pugtalandyrmaga, döwletara gatnaşyklara täze itergi bermäge gönükdirilen anyk teklipler ara alnyp maslahatlaşylar.
Geçen hepdede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa Alabaý we Alaja atly arassa ganly türkmen alabaýlaryny sowgat hökmünde iberdi. Iki halkyň arasyndaky mizemez dostlugyň nyşany hökmünde tutuş türkmen halkynyň adyndan iberilen bu özboluşly sowgat aýratyn hoşallyk duýgusy bilen kabul edildi.
Paýtagtymyzda Ýewraziýa toparynyň 44-nji umumy mejlisiniň çäklerinde geçirilen jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparyna agza döwletleriň parlament agzalarynyň V forumyny geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar. Ýewraziýa toparynyň başlygynyň ýurdumyzyň maliýe we ykdysadyýet ministri bilen bolan duşuşygynda bu düzümiň ulgamlaýyn işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Forumyň çäklerinde Ýewraziýa toparyna agza döwletleriň tehniki ýardam bermek boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Ýewraziýa toparyna agza ýurtlaryň terrorçylyga we ony maliýeleşdirmäge garşy göreşmekde alyp barýan işlerine garaldy hem-de terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreşmek bilen bagly ulgamdaky meseleleriň wajyp ugurlary kesgitlenildi. Mundan başga-da, mejlisiň çäklerinde özara baha bermek we hukuk meseleleri hem-de ýakyn geljek üçin bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyny kesgitlemek boýunça duşuşyk geçirildi. Ýewraziýa toparyna agza döwletleriň Halkara okuw-usulyýet merkezleriniň assosiasiýasyna gatnaşyjylaryň umumy ýygnagynda Ýewraziýa toparynyň terrorçylyk howpunyň peseldilmegine, milli maliýe ulgamlarynyň aýanlygynyň, ygtybarlylygynyň, howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, sebitiň döwletleriniň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş boýunça halkara derejede alyp barýan işine üns berildi.
Paýtagtymyzda 55 ýurtdan wekilleriň gatnaşmagynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi. Gurluşyk, elektroenergetika, gaýtadan işleýän hem-de ýeňil senagat, dizaýn, şäher düzümini döwrebaplaşdyrmak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ýerli we daşary ýurtly kompaniýalaryň 130-dan gowragy özara bähbitli işewürlik tekliplerini hödürledi. Serginiň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň “Global dialog arkaly iş ýüzünde durmuşa geçirmek: durnukly, inklýuziw we “akylly” şäherler” atly ýokary derejeli halkara “tegelek stol” maslahaty geçirildi.
Paýtagtymyzdaky «Olimpiýa» myhmanhanasynda ýurdumyzyň döwlet, hususy kärhanalarynyň, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, beýleki halkara guramalaryň, daşary döwletleriň diplomatik wekilhanalarynyň, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň gatnaşmagynda “Ak şäherim Aşgabat” maslahatynyň “Durnukly, “akylly” we global goşulyşýan paýtagt şäheriniň kemala gelmegi” atly plenar mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Aşgabady uzak möhletleýin esasda ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryna garaldy. “Ak şäherim Aşgabat” atly XXV köpugurly halkara serginiň we maslahatyň çäklerinde energetika, himiýa senagaty, awtomobil ýollarynyň gurluşygy ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada birnäçe resminama gol çekildi.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli alnyp barylýan syýasatyň üstünliklere beslenýändigini aýdyň görkezdi. Bu syýasat döwletimiziň parahatçylygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge, ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklaýar.