Ï Şahrisabsda geçirilen V Halkara ekologiýa Gurultaýynda gazanylan halkara üstünlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şahrisabsda geçirilen V Halkara ekologiýa Gurultaýynda gazanylan halkara üstünlik

view-icon 263
Şahrisabsda geçirilen V Halkara ekologiýa Gurultaýynda gazanylan halkara üstünlik

2026-njy ýylyň 10 – 15-nji awgusty aralygynda Özbegistan Respublikasynyň gadymy we taryhy şäherleriniň biri bolan Şahrisabs şäherinde «Ýaşlar – geljegi gurujylar» atly V Halkara ekologiýa Gurultaýy geçirildi. Bu iri halkara çäre häzirki döwrüň iň möhüm meseleleriniň biri bolan daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak we ýaş nesli ekologiki taýdan terbiýelemek ýaly möhüm ugurlary ara alyp maslahatlaşmak üçin dürli ýurtlardan hünärmenleri, alymlary, ýaşlary, ekologlary we jemgyýetçilik wekillerini bir ýere jemledi.

Gurultaýyň halkara derejesiniň örän ýokary bolandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Çärä Merkezi Aziýanyň ähli döwletlerinden, şeýle hem Russiýa Federasiýasyndan, Belarus Respublikasyndan, Azerbaýjandan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan wekiller gatnaşdylar. Gurultaýa 1000-e golaý adam gatnaşyp, bu çäre ekologiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm goşant goşdy.

Bu möhüm halkara çärä Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ekologiýa we ekologik tehnologiýalar kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Oguldurdy Baýramowa gatnaşdy. Gurultaýyň çäginde geçirilen «Iň gowy halkara ekologiki taslama» at bilen geçirilen bäsleşik hem aýratyn gyzyklanma döretdi. Bu bäsleşik dürli ýurtlaryň wekillerine öz innowasion ekologiki taslamalaryny hödürlemäge we tejribe alyşmaga mümkinçilik berdi. Bu bäsleşikde Oguldurdy Baýramowa I orna mynasyp boldy.