Ï Aşgabatdaky täze Stomatologiýa merkezinde tiz anyklaýyş üçin emeli aň tehnologiýasy ulanylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatdaky täze Stomatologiýa merkezinde tiz anyklaýyş üçin emeli aň tehnologiýasy ulanylar

view-icon 210
Aşgabatdaky täze Stomatologiýa merkezinde tiz anyklaýyş üçin emeli aň tehnologiýasy ulanylar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynyň jemleýji tapgyry bilen tanyşdy hem-de näsaglara hyzmat etmekde merkeziň sanly mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz anyklaýyş işlerini çaltlandyrmak we edilýän lukmançylyk kömeginiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen emeli aň tehnologiýalaryny hem-de öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýokary geçirijilik ukybyna eýe boljak merkeziň işiniň aýdyň guralmagynyň, raýatlaryň tiz kabul edilmeginiň we olara ýokary hünärli lukmançylyk maslahatlarynyň berilmeginiň möhümdigini belledi. Lukmançylyk edarasynyň tehnologik binýady ýöriteleşdirilen hyzmatlaryň we amallaryň giň toplumyny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.

Merkezde howpsuz anesteziýa, dişleriň aýrylmagy we plombalanmagy, äň-ýüzüň rekonstruktiw hirurgiýasy, protez goýmak, implantasiýa, diş hatarynyň düzedilmegi, şeýle hem reňki takyk saýlanyp, aýratyn taýýarlanylýan protezleriň ýasalmagy ýaly hyzmatlar ýerine ýetiriler. Munuň bilen birlikde, agyz boşlugynyň kesellerini irki döwürde ýüze çykarmak we äň-ýüz zolagyndaky kemçilikleri aradan aýyrmak boýunça işler geçiriler.

Döwlet Baştutanymyz merkezde ýöriteleşdirilen monitorlaryň we emeli aň ulgamlarynyň ulanylmagyna aýratyn üns berdi. Bu ulgamlar arkaly lukmançylyk maglumatlaryny ýurdumyzyň beýleki klinikalary bilen alyşmak, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen halkara derejesinde lukmançylyk maslahatlaryny geçirmek mümkin bolar.