Ï Mary şäherindäki mekdepleriň birinde täze Gün energiýasy elektrik desgasy işe girizildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mary şäherindäki mekdepleriň birinde täze Gün energiýasy elektrik desgasy işe girizildi

view-icon 54
Mary şäherindäki mekdepleriň birinde täze Gün energiýasy elektrik desgasy işe girizildi

Mary şäherindäki 36-njy orta mekdepde täze Gün energiýasy elektrik desgasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Taslama Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) bilelikdäki başlangyjynyň çäklerinde durmuşa geçirildi.

Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň hem-de Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň wekilleri gatnaşdylar.

Häzirki zaman fotoelektrik ulgamynyň kuwwaty 12,5 kWt bolup, ol 48 kWt/sag sygymly litiý akkumulýatory we gibrid inwertor bilen enjamlaşdyrylandyr. Gün elektrik desgasy mekdebiň üznüksiz elektrik energiýasy bilen üpjün edilmegine mümkinçilik berýär. Şol sanda ol agşamky döwürde mekdebiň çäginiň we sport meýdançasynyň yşyklandyrylmagyny, şeýle hem howanyň aşa gyzgyn we sowuk şertlerinde (gyşyna –20 gradusdan tomsuna +50 gradusa çenli) inwertor görnüşli kondisionerleriň işlemegini üpjün edýär.

Desga diňe bir arassa energiýanyň çeşmesi hökmünde däl, eýsem, geljekki inženerler üçin aýdyň okuw-görkezme serişdesi hökmünde hem taslanyldy. Sanly gözegçilik ulgamy öndürilýän energiýanyň möçberini, batareýalaryň ýagdaýyny we energiýanyň sarp ediliş derejesini hakyky wagt tertibinde yzarlaýar. Alnan maglumatlar okuw işine ornaşdyrylar. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna ýakyn ýerleşýändigi sebäpli, bu gün elektrik desgasy Mary welaýatynyň ähli ýerlerinden gelýän mekdep okuwçylary we talyplar üçin amaly okuw binýadyna öwrüler.

– Her bir çaga howpsuz, amatly we Türkmenistanyň üýtgeýän howa şertlerine has gowy taýýarlanan mekdepde bilim almaga mümkinçilikden peýdalanmaga mynasypdyr. Bu gün elektrik desgasy milli klimat maksatlarynyň, döwlet syýasatynyň we çagalaryň zerurlyklaryna gönükdirilen çemeleşmäniň özara sazlaşýandygynyň amaly mysalydyr. Desga çagalaryň sport bilen meşgullanmagy we oýunlar üçin niýetlenen ýerleriň yşyklandyrylmagyny energiýa bilen üpjün eder. Şeýle hem onuň türkmen inženerleriniň we alymlarynyň täze neslinde bilesigelijiligi oýarmagyna, olaryň geljekde ýurduň arassa energetika pudagynyň ösüşine öz goşantlaryny goşmagyna itergi berjekdigine umyt edýäris – diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna belledi.

Elektrik desgasynyň gurnalmagy ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan «Ýaşyl mekdep» maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen energetika auditiniň netijesinde amala aşyryldy.

Taslama Türkmenistanyň milli ileri tutulýan ugurlaryny gönüden-göni goldaýar. Pariž ylalaşygynyň we Milli derejede kesgitlenen goşantlaryň (MDKG) çäklerinde Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny 20 göterim azaltmagy maksat edinýär.