Ï Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly belleniler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly belleniler

view-icon 60
Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly belleniler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy hem-de bilim ulgamynyň täze okuw ýylyna taýýarlygy barada hasabat berdi.

Täze okuw ýylynyň ilkinji sapagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen geçiriler. Bu sapaklar ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna hem-de ýaşlar üçin döredilýän giň mümkinçiliklere bagyşlanar.

1-nji synpa gadam basýan ähli çagalara hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan «Bilimli» noutbuk kompýuterleri dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Şeýle hem baýramçylyk dabaralary geçiriler we Garaşsyzlyk binasynyň öňünde, Arkadag şäherindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde, şeýle-de Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepde gül goýmak dabaralary guralar.

Şunuň bilen birlikde, Aşgabat şäherinde 5 müň orunlyk Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlaryny ulanmaga bermäge taýýarlyk görülýär.

1-nji sentýabrda Ahal welaýatynda 960 orunlyk täze orta mekdep we 320 orunlyk çagalar bagy, Daşoguz welaýatynda 240 orunlyk çagalar bagy, şeýle hem Lebap welaýatynda hersi 1 müň orunlyk iki sany orta mekdep ulanmaga berler.