Ï Ýerli biologik serişdeler esasynda bejeriş häsiýetli hamyrmaýasyz çörek taýýarlanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýerli biologik serişdeler esasynda bejeriş häsiýetli hamyrmaýasyz çörek taýýarlanyldy

view-icon 236
Ýerli biologik serişdeler esasynda bejeriş häsiýetli hamyrmaýasyz çörek taýýarlanyldy

Türkmen biotehnologlary bejeriş-öňüni alyş maksatly innowasion hamyrmaýasyz çörekleri işläp taýýarladylar. Täze funksional önümiň esasynda biohimiýanyň öňdebaryjy gazananlary we türkmen halk lukmançylygynyň baý tejribesi ýatyr.

Tehnologiýanyň esasy aýratynlygy önümiň düzümini düýpli üýtgetmekden ybarat. Adaty un esasynyň mukdary iň az derejä – 5-10 göterime çenli azaldylyp, ol diňe birleşdiriji gurluşyň wezipesini ýerine ýetirýär. Taýýarlanyş usulynyň 90–95 göterimini bolsa gymmatly tebigy biologik serişdeler düzýär.

Täze önüm iýmitlenişe bagly keselleriň, semizligiň, 2-nji görnüşli süýji keseliniň we madda çalşygynyň bozulmalarynyň öňüni almaga hem-de olara garşy göreşmäge niýetlenendir. Hamyrmaýaly turşamadan doly ýüz öwürmek disbiotik hadysalaryň we artykmaç gaz emele gelmeginiň öňüni almaga mümkinçilik berýär.

Galyndysyz önümçilik konsepsiýasynyň çäklerinde çörekleriň düzümine sebitiň özboluşly ikilenji we ýabany ösýän biologik serişdeleri hem girizildi. Mysal üçin, gawunyň, garpyzyň we kädiniň eti, tohumlary hem-de inçe owradylan galyndylary önümi aňsat özleşdirilýän ösümlik belogy, beta-karotin, sink we pektinler bilen baýlaşdyrýar. Bu maddalar bedenden toksinleriň, radionuklidleriň we artykmaç holesteriniň çykarylmagyna ýardam berýär.

Üzüm galyndysy gan damarlarynyň diwarlaryny berkitmäge we aterosklerozyň öňüni almaga ýardam edýän resweratrolyň we polifenollaryň çeşmesi bolup hyzmat edýär. Bugdaýyň we arpanyň kepekleri bolsa önümi içegäniň hereketjeňligini höweslendirýän we uzak wagtlap dokluk duýgusyny saklamaga mümkinçilik berýän eremeýän iýmit süýümleri bilen üpjün edýär.

Topinamburdan we şambaladan alynýan inulin içegäniň mikroflorasyny dikeltmäge we glikemiki görkezijini peseltmäge ýardam edip, prebiotik täsirini üpjün edýär. Mundan başga-da, sarymsagyň, omega-3 turşusynyň çeşmesi bolan semzegiň, buýan köküniň, itburnunyň, käkilik otunyň we narpyzyň mikrotozlary antioksidant, immunomodulýator we sowuklama garşy täsirleri üpjün edýär.

Funksional hamyrmaýasyz çöregiň döredilmegi içerki öňüni alyş lukmançylygynyň we diýetologiýanyň ösdürilmeginde täze mümkinçilikleri açýar. Şeýlelikde, gündelik iýmit önümi ilatyň saglygyny berkitmäge gönükdirilen täsirli serişdä öwrülýär.

Taslamanyň üstünde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hünärmenleri habarçy agzasy, himiýa ylymlarynyň doktory Durdymyrat Gadamowyň we biotehnologiýalar barlaghanasynyň müdiri Altyn Rahmanowanyň ýolbaşçylygynda işlediler.