Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniñ mugallymlary, ýagny biotehnologiýa kafedrasynyñ müdiri O.Soltanowa we molekulýar biologiýa we genetika kafedrasynyñ müdiri D.Porrykow Belarusyň Milli ylymlar akademiýasy tarapyndan 5 – 6-njy sentýabrda geçirilen «Ylym festiwaly – 2026» çäresine gatnaşmak üçin Belarus Respublikasynyñ Minsk şäherinde iş saparynda boldylar.
Sekizinji gezek geçirilýän «Ylym festiwaly» Belarusdaky iň uly meşhur ylmy çäreleriň biri bolup, ýyllaryň dowamynda Minsk şäheriniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny iň soňky ylmy ösüşler bilen tanyşdyrýan hem-de olara ylym we tehnologiýa dünýäsinden täze bilimleri öwrenmäge ýardam berýär.
Festiwalyñ dowamynda Belarusyň Milli ylymlar akademiýasynyñ ähli ylmy-barlag institutlary we merkezleri özleriniñ innowasion işlerini görkezdiler. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniñ wekilleri hem biotehnologiýa ugryndan işlenip taýýarlanan taslamalary bilen çykyş etdiler. Olaryñ taýýarlan ylmy çözgütleri festiwala gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Olar Belarusyň dürli ylmy-barlag institutlaryndan gelen professorlar we ylmy işgärler bilen genetika we seleksiýa, mikrobiologiýa, iýmit we oba hojalyk biotehnologiýasy ugurlarynda alyp barýan ylmy işleri boýunça özara pikir alyşdylar.