Ï Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumy gurluşyk ylmynyň öňdebaryjy merkezine öwrüldi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumy gurluşyk ylmynyň öňdebaryjy merkezine öwrüldi

view-icon 102
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumy gurluşyk ylmynyň öňdebaryjy merkezine öwrüldi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň dabaraly açylyş çäresi geçirildi.

Ylym-bilim ulgamyny ösdürmek we ýokary bilimi hil taýdan täze derejä çykarmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Häzirki wagtda Garaşsyz Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmaga, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna ykdysadyýetiň gurluşyk we senagat pudaklaryny ýokary hünärli hünärmenler bilen üpjün etmekde möhüm orun degişlidir.

5000 talyp üçin niýetlenen ýokary okuw mekdebiniň täze okuw şäherçesi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ajaýyp Gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan häzirki zaman binagärlik we şähergurluşyk talaplaryna doly laýyklykda guruldy. Toplumyň umumy meýdany 32,2 gektara barabardyr. Täze binalar toplumy diňe bir häzirki zaman okuw merkezi bolman, eýsem geljekki binagärleri, inženerleri we gurluşykçylary taýýarlamak üçin ylmy-amaly binýat hökmünde hem çykyş edýär.

«Ajaýyp Gurluşyk» hususy kärhanasynyň direktorynyň orunbasary Didar Baýadowyň aýdyşy ýaly, giň gerimli desgadaky gurluşyk işleri tehnologik we ekologik kadalary berjaý etmek arkaly alnyp baryldy.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzda täze şäherler, döwrebap okuw mekdepleri we awtomobil ýollary gurulýar, ulag-aragatnaşyk düzümi döwrebaplaşdyrylýar. Bu işler Türkmenistanyň innowasion ösüşini hemmetaraplaýyn üpjün etmäge, ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga we raýatlaryň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Biz, telekeçilik jemgyýetiniň wekilleri hökmünde, bu döredijilikli işlere mynasyp goşant goşmak üçin ähli tagallalarymyzy ederis», diýip, D.Baýadow aýtdy.

Ýokary okuw mekdebiniň düzümine 13 gatly baş bina, 8 fakultetiň we 28 kafedranyň binalary, kitaphana hem-de maslahatlar zaly girýär. Dolandyryş binasynyň daşky görnüşi sirkulyň we ölçeg guralynyň şekillendirilen nyşany bilen bezelendir. Talyp ýaşlaryň ýaşamagy üçin 2600 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy, mugallymlar düzümi üçin bolsa hersi 40 öýden ybarat bolan iki sany ýaşaýyş jaýy guruldy.

Täze toplumda enjamlaryň ýokary derejesi we okuw işiniň guralyşy ISO standartlaryna laýyklyk, şeýle hem BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ekologik talaplaryna laýyklyk baradaky halkara şahadatnamalar bilen tassyklanyldy.

Hususan-da, «CERT International» halkara sertifikatlaşdyryş guramasy instituta ISO-nyň bäş halkara standartyna laýyklyk şahadatnamalaryny gowşurdy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Türkmenistanda we GDA ýurtlarynda bu bäş standarta bir wagtda sertifikatlaşdyrylan ilkinji ýokary okuw mekdebi boldy.

Institutyň alymlary bilen hyzmatdaşlykda BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) innowasion we ekologik taýdan netijeli tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna ýardam berdi. Ýokary okuw mekdebine «ýaşyl» şahadatnamalar we durnukly ösüşiň ýörelgelerine laýyklygy tassyklaýan resminamalar gowşuryldy. Olar energiýa netijeliligi, suw tygşytlylygy, suw serişdelerini dolandyrmak, gözegçilik etmek we ýaşlary durnukly energetikany ösdürmek işlerine çekmek ýaly ugurlary öz içine alýar.

Mundan başga-da, ýokary okuw mekdebiniň çäginde «Certiport» ygtyýarly merkezi döredildi. Instituta «Certiport» halkara ygtyýarly synag merkeziniň derejesiniň berilmegi talyplaryň we hünärmenleriň sanly hem-de hünär başarnyklaryny halkara derejesinde ykrar edilýän standartlara laýyklykda barlamaga we tassyklamaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem ýokary okuw mekdebiniň okuw otaglary we ýöriteleşdirilen barlaghanalary dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň innowasion enjamlary bilen üpjün edildi.

Mysal üçin, binagärlik we seýsmika durnukly gurluşyk-barlag tejribehanasynda «Motion Systems» kompaniýasynyň PS-6TM-550 synag platformasy gurnaldy. Ol kiçeldilen binalaryň nusgalarynda hakyky ýer titremeleriniň yrgyldylaryny modelleşdirmäge, göteriji sütünlerde ýerleşdirilen datçiklerden maglumatlary almaga we olary 3D-wizualizasiýa üçin sanly ulgama geçirmäge mümkinçilik berýär. Italiýanyň «Moho» we «Sara Electronic Instruments» kompaniýalarynyň enjamlary seýsmiki yrgyldylary hasaba almak, seýsmiki gözlegleri geçirmek we jogapkärçiligi ýokary bolan desgalaryň yrgyldy ýagdaýyna uzak möhletleýin gözegçilik etmek üçin niýetlenendir. Barlaghana Şweýsariýanyň «Leica» kompaniýasynyň ýokary takyklykdaky geodeziki gurallary we Türkiýäniň «UTES» kompaniýasynyň gurluşyk materiallarynyň, betonyň we lak-boýag örtükleriniň fiziki-mehaniki görkezijilerini ölçemek üçin ulanylýan synag enjamlary bilen hem üpjün edilendir.

Elektromehanika barlaghanasynda Kanadanyň «CM LABS» kompaniýasynyň interaktiw türgenleşdiriji-simulýatorlary oturdyldy. Olar wirtual gurşawda gurluşyk tehnikasynyň 10 görnüşini howpsuz dolandyrmagy öwrenmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem Ispaniýanyň «Seabery» kompaniýasynyň Soldamatic simulýatory giňeldilen hakykat (AR) tehnologiýalary esasynda kebşirleýiş işlerini öwretmek üçin ulanylýar. Germaniýanyň «Lucas-Nülle» kompaniýasynyň okuw toplumy KUKA CRK 11 senagat roboty we Profinet ulgamy bilen enjamlaşdyrylyp, mehatronika boýunça synaglary we awtomatlaşdyrmak ulgamyndaky ylmy barlaglary geçirmek üçin peýdalanylýar.

Umumy himiki tehnologiýa barlaghanasynda Germaniýanyň «Spectro» kompaniýasynyň «Spectrocube» seljeriş ulgamy ornaşdyryldy. Ol ýokary takyklykdaky rentgen-fluoressent seljermäni geçirmäge we öwrenilýän materiallaryň düzümindäki elementleri kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumy ýurdumyzyň ylmyny ösdürmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we halkara akademiki hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.