Ï Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow koreý kompaniýalaryny Türkmenistanyň ulag-logistika taslamalaryna gatnaşmaga çagyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow koreý kompaniýalaryny Türkmenistanyň ulag-logistika taslamalaryna gatnaşmaga çagyrdy

view-icon 87
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow koreý kompaniýalaryny Türkmenistanyň ulag-logistika taslamalaryna gatnaşmaga çagyrdy

Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisinde çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmegi görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Merkezi Aziýany Hazar sebiti hem-de halkara ulag geçelgeleriniň beýleki ugurlary bilen birleşdirýän Ýewraziýa yklymynyň möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde öz ornuny berkitmekde uly mümkinçiliklere eýedigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň häzirki zaman ulag we logistika ulgamlaryny döretmek boýunça iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmäge koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagy baradaky tekliplere garamaga taýýardygyny aýtdy.