Ï Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda 12 milliard amerikan dollaryndan gowrak möçberde 17 maýa goýum taslamasy durmuşa geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda 12 milliard amerikan dollaryndan gowrak möçberde 17 maýa goýum taslamasy durmuşa geçirilýär

view-icon 71
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda 12 milliard amerikan dollaryndan gowrak möçberde 17 maýa goýum taslamasy durmuşa geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisine gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda döwlet Baştutanymyz çykyş edip, iri koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi. Olaryň hatarynda «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.», «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» we «Korea Meditech Co., Ltd.» ýaly iri kompaniýalar bar. Şeýle hem häzirki wagtda birnäçe täze we geljegi uly başlangyçlar boýunça işjeň gepleşikleriň geçirilýändigi, olaryň ýakyn wagtda durmuşa geçirilmegine başlanmagyna garaşylýandygy nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda ýurtda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 12 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan 17 sany maýa goýum taslamasynyň hasaba alnandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şeýle uly möçberli görkezijileriň koreý işewür toparlarynyň Türkmenistana ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýokary ynamynyň aýdyň subutnamasydygyny nygtady. Şeýle hem bu görkezijiler ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny tassyklaýar.