Seulda geçirilen ýokary derejeli Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Koreýa Respublikasyndan nebitgaz, himiýa, energetika, ulag ýaly pudaklara koreý tehnologiýalaryny, maýa goýumlaryny we dolandyryş tejribesini çekmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Koreýa Respublikasyna diňe bir möhüm tehnologik we maýa goýum hyzmatdaşy däl-de, eýsem, senagaty döwrebaplaşdyrmakda, sanlylaşdyrmakda we ýokary tehnologiýaly önümçilikleri ösdürmekde öňdebaryjy tejribä eýe bolan döwlet hökmünde garaýandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň hem, öz nobatynda, ägirt uly tebigy serişdelere, durnukly energetika binýadyna, amatly geografik ýerleşişe, iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçiliklere eýedigini aýtdy.