Ï 67 ýaşly žurnalist Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny 35 kilometrlik ylgaw bilen garşylady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

67 ýaşly žurnalist Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny 35 kilometrlik ylgaw bilen garşylady

view-icon 91
67 ýaşly žurnalist Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny 35 kilometrlik ylgaw bilen garşylady
67 ýaşly žurnalist Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny 35 kilometrlik ylgaw bilen garşylady
67 ýaşly žurnalist Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny 35 kilometrlik ylgaw bilen garşylady
67 ýaşly žurnalist Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny 35 kilometrlik ylgaw bilen garşylady
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli 67 ýaşly žurnalist, ylgamak bilen meşgullanýan höwesjeň Nurmämmet Kakabaýew 35 kilometrlik aralygy üstünlikli geçdi. Bu çäre paýtagtymyzdaky durky täzelenen «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähinde geçirildi.

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda doglan, häzirki wagtda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde ýaşaýan Nurmämmet aga köp ýyllardan bäri işjeň durmuş ýörelgesiniň hakyky ýaşlygyň gözbaşydygyny öz göreldesi bilen subut edip gelýär. Ol 2003-nji ýyldan bäri her gün irden sagat 4-5 töwereginde turup, 5 kilometrden 10 kilometre çenli aralykda ylgaýar. Nurmämmet aga beden maşklaryny intellektual ösüş bilen hem utgaşdyrýar. Ol ylgap barýarka Magtymguly Pyragynyň, Aleksandr Puşkiniň, Sergeý Ýeseniniň, Marina Swetaýewanyň we beýleki şahyrlaryň goşgularyny, şeýle-de täze iňlis sözlerini ýatdan öwrenýär.

Yzygiderli türgenleşikleriň netijesinde žurnalist derman serişdelerini ulanmakdan doly diýen ýaly ýüz öwrüp, berk saglygy bilen lukmanlary hem haýran galdyrýar. Ol uzak aralyga ylgamak boýunça geçirilýän ýaryşlara yzygiderli gatnaşýar. Şu ýylyň aprel aýynda hem Nurmämmet Kakabaýew Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Aşgabat şäheriniň häkimligi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de «Run Rush» ylgaw jemgyýeti bilen bilelikde guralan «Dostluk ganatlary» atly halkara ylgawyna gatnaşdy. Ol 10 kilometrlik aralygy ýeňil geçip, ýadygärlik medaly bilen sylaglandy.

Bu gezek bolsa Nurmämmet aga aýratyn şahsy ylgawy gurady. Resmi ýaryş bolmadyk bu ylgawy ol diňe öz başlangyjy bilen geçirdi. Ol ir bilen sagat 6:30-da «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähinde ýola düşüp, sagat 12:00-da doly 35 kilometrlik aralygy geçmegi başardy. Uzak dowam eden synaga garamazdan, türgen özüniň saglyk ýagdaýynyň örän gowudygyny belleýär. Ylgaw üçin bu ýeriň saýlanmagy hem tötänden däldi.

«Durky täzelenen seýilgähde ylgamak diýseň ýakymly, daş-töweregiň suw çüwdürimleri, güller, arassaçylyk» - diýip, Nurmämmet aga öz täsirlerini paýlaşdy. Ol bu çärä aýratyn taýýarlyk gördi. Ylgawdan 1 hepde öňinçä ol 27 kilometrlik aralygy geçip, ýoluň ugruny synagdan geçirdi. Nurmämmet aga bu ylgaw üçin ýörite ylham beriji ýazgylar ýerleşdirilen ýadygärlik futbolkalaryny hem taýýarlatdy:

- «Öňe, öňe, diňe öňe jan Watanym Türkmenistan!»

- «Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy»

- «Ýaşlar – Watanyň daýanjy»

- «Garrylar gerek»

- «Güýz marafony»

- «Aşgabat – 2026»

«Bu karara gelmegimiň esasy maksady şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli 35 kilometrlik aralygy geçmek, şeýlelikde sport arkaly Watana bolan söýgimi beýan etmek we ýaşlara sagdyn durmuş ýörelgesi babatda görelde bolmakdan ybarat» diýip, N. Kakabaýew belledi.

Nurmämmet aga üçin ylgaw eýýäm ýönekeý höwesden has köp zada öwrüldi:

«Ylgaw meniň üçin diňe bir sagdyn durmuş ýörelgesi bolman, eýsem tutuş ömrümiň manysyna öwrülen ýoldur. Ylganyňda, bütin günüň dowamynda güýç-kuwwat alýarsyň. Işjeň maşklar adama güýç we ynam berýär».

Ol dynç günlerinde köplenç 25 kilometr aralyga ylgaýar. Onuň sport durmuşynda eýýäm 2008, 2011, 2015 we 2018-nji ýyllarda geçilen dört sany nusgawy marafon – 42 kilometr 195 metr aralyk bar.

Şeýle-de bolsa, ol gazananlary bilen çäklenmegi meýilleşdirmeýär. Nurmämmet Kakabaýew gyş möwsüminde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli marafon ylgawyny bäşinji gezek geçmegi, geljek ýyl bolsa öz öňünde has ýokary maksat goýup, ilkinji gezek 70 kilometrlik aralygy geçmek arkaly şahsy rekordyny täzelemegi maksat edinýär.