Ï Türkmen küştçi gyzlary Samarkantda geçirilýän Olimpiadada Gyrgyzystanyň ýygyndysyny uly hasap bilen ýeňdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen küştçi gyzlary Samarkantda geçirilýän Olimpiadada Gyrgyzystanyň ýygyndysyny uly hasap bilen ýeňdiler

view-icon 60
Türkmen küştçi gyzlary Samarkantda geçirilýän Olimpiadada Gyrgyzystanyň ýygyndysyny uly hasap bilen ýeňdiler

Samarkant şäherinde geçirilýän 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy bäşinji ýeňşini gazandy.

55-nji belgi bilen gatnaşýan türkmen küştçi zenanlary 29-njy belgili Şwesiýanyň ýygyndysyndan 1,5:2,5 hasabynda ýeňilenden soň, 78-nji belgili Gyrgyzystanyň ýygyndysyny 4:0 hasabynda uly üstünlük bilen ýeňdiler. Gyrgyzystanyň ýygyndysynyň ähli tagtalarynda FIDE-niň ussat zenanlary çykyş etdiler. Birinji tagtada FIDE-niň zenanlar ussady Läle Şöhradowa (2147) Nuraý Sowetbekowany (2029) ynamly ýeňdi. Ikinji tagtada FIDE-niň zenanlar ussadyna dalaşgär Leýla Şöhradowa (2101) Aleksandra Samaganowany (1943) ýeňdi. Üçünji tagtada FIDE-niň zenanlar ussady Jahan Rejepowa (2027) Begimaý Zairbek gyzyny (1973) ýeňdi, dördünji tagtada bolsa Mähri Agamyradowa (1939) Aýmonçok Žunusbekowadan (1930) üstün çykdy.

Şu ýeňişden soň Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy 17 basgançak ýokary galyp, 12 utuk bilen 190 ýygyndynyň arasynda 47-nji orna çykdy. Olimpiadanyň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda, küştçülerimiziň şahsy görkezijileri şeýle: Mähri Agamyradowa 9 duşuşykda 6,5 utuk, Leýla Şöhradowa 10 duşuşykdan soň 6 utuk, Jahan Rejepowa 8 duşuşykda 4,5 utuk, Läle Şöhradowa 9 duşuşykda 3,5 utuk toplady. Ätiýaçdaky Ogulsuraý Baýrambaýewanyň görkezijisi 100 göterim bolup, ol 3 duşuşykda 3 utuk gazandy.

Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy (65-nji belgili) 10-njy tapgyrda 35-nji belgili Gazagystanyň ýygyndysyndan 1:3 hasabynda ýeňildi. Gazagystanyň toparynda üç tagtada halkara grossmeýsterleri çykyş edýär. Biziň ýygyndymyzda halkara grossmeýster Saparmyrat Atabaýew (reýtingi 2503) we FIDE-niň ussady Amanmuhammet Hommadow (2389) öz duşuşyklaryny deňlik bilen tamamladylar. Olar degişlilikde birinji we üçünji tagtalarda grossmeýsterler Denis Mahnew (2568) we Aldiýar Ansat (2495) bilen utuklary paýlaşdylar. Ikinji we dördünji tagtalarda çykyş eden grossmeýster Meýlis Annaberdiýew (2384) we Şahruh Turaýew (2222) bolsa degişlilikde halkara ussady Sauat Nurgaliýewden (2493) we grossmeýster Žandos Agmanowdan (2490) ýeňildiler.

Bu ýeňlişden soň türkmen küştçüleri 12 utuk bilen 206 ýygyndynyň arasynda 45-nji orna düşdüler. Olimpiadanyň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda, Saparmyrat Atabaýewiň we Amanmuhammet Hommadowyň hersiniň 10 duşuşykdan soň 6 utugy bar. Meýlis Annaberdiýew 9 duşuşykda 5 utuk, Şahruh Turaýew bolsa 8 duşuşykda 4 utuk toplady. Ätiýaçdaky Wepaly Halynýazowyň hem görkezijisi 100 göterim bolup, ol üç duşuşykda 3 utuk gazandy.

Jemleýji, 11-nji tapgyrda Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy 40-njy belgili Çernogoriýanyň ýygyndysy bilen, zenanlar ýygyndysy bolsa 32-nji belgili Belarusyň küştçüleri bilen duşuşar.