Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda işler ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşme esasynda alnyp barylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda işler ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşme esasynda alnyp barylýar

view-icon 2
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda işler ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşme esasynda alnyp barylýar

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň dabaraly açylyşy boldy. Dabara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň ýylyň ähli paslynda atlar üçin ýakymly howa gurşawyna eýedigini belledi. Bu künjekde ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek we tohumçylyk işini ylmy esasda alyp barmak üçin tebigy mümkinçilikleriň bardygyny bellemek gerek. Häzirki zaman toplumynyň bezeg işlerinde bedewleriň şekilleri öz beýanyny tapýar. Gurluşyk we binagärlik babatda ýerine ýetirilen işler bu ýeriň tebigaty bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär.

Gahryman Arkadagymyz şeýle diýdi: «Görşüňiz ýaly, bu ýerde atlaryň sagdyn iýmitlenmegi üçin alma hem-de käşir ösdürilip ýetişdirilýär. Bu ýerde ekilen Babarap almasy gadymy döwürden bäri atlaryň sagdynlygy üçin esasy iýmit bolup durýar. Bilşiňiz ýaly, ahalteke bedewleri käşiri örän gowy görýär. Şonuň üçin bu ýerde käşiriň atlar üçin ýörite görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Ýörite meýdanda toplumyň bedewlerine niýetlenen ýorunja hem ösdürilip ýetişdirilýär. Weterinariýa ylmynyň tassyklamagyna görä, alma, käşir, arpa we ýorunja hem-de ýorunja bedesi atlar üçin ýokumly bolan serişdelere örän baýdyr. Bu ýerde ot-iým saklamaga niýetlenen ammarlaryň bolmagy atlaryň ýylyň dowamynda bol iýmitini üpjün eder. Şeýle hem toplumyň çäginde häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen enjamlaşdyrylan bölümler, barlaghanalar hereket edýär. Olarda atlaryň tohumçylyk işini, saglyk ýagdaýyny, beden gurluşyny ylmy esasda öwrenmek üçin ähli zerur şertler bar».

Täze desganyň ulanmaga berilmegi ahalteke tohumynyň arassalygyny gorap saklamak we onuň dünýä derejesindäki şöhratyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri hil taýdan täze ylmy we amaly derejä çykarmaga gönükdirilendir.