Ï Türkmen talyplary Germaniýada we Niderlandlarda «John Deere» kompaniýasynyň kärhanalarynda önümçilik tejribesini geçdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen talyplary Germaniýada we Niderlandlarda «John Deere» kompaniýasynyň kärhanalarynda önümçilik tejribesini geçdiler

view-icon 105
Türkmen talyplary Germaniýada we Niderlandlarda «John Deere» kompaniýasynyň kärhanalarynda önümçilik tejribesini geçdiler

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalygynyň mehanizasiýasy hünäriniň 10 talyby uniwersitetiň 2 mugallymynyň ýolbaşçylygynda Germaniýada we Niderlandlarda «John Deere International GmbH» kompaniýasynyň kärhanalarynda önümçilik tejribesini geçdiler.

Okuw sapary 19–26-njy sentýabr aralygynda dünýä belli maşyn gurluşyk kompaniýasynyň önümçiliklerindäki öňdebaryjy tehnologiýalar bilen tanyşmak we onuň häzirki zaman oba hojalyk tehnikasynyň mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen geçirildi.

Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Germaniýanyň Mangeým şäherindäki traktor zawodynda, şeýle hem maldarçylyk ugruna ýöriteleşen «Lehr und Versuchsanstalt Neumühle» ylmy, okuw-önümçilik kärhanasynda boldular. Bu ýerde tejribe geçýän gatnaşyjylar kuwwatly maşynlardan peýdalanmagyň düzgünleri we olaryň ulanylyş aýratynlyklary bilen tanyşdylar.

«John Deere Forum» merkezinde kompaniýanyň hünärmenleri onuň dörediliş taryhy, ösüş tapgyrlary, gazanan üstünlikleri we geljekki meýilnamalary barada giňişleýin maglumat berdiler. Kompaniýanyň sargyt edijileriň şahsy talaplaryny nazara alyp, degişli tehnikalary öndürmek üçin mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Talyplara dürli kuwwatdaky traktorlaryň aýry-aýry şaýlarynyň taýýarlanylmagyndan başlap, taýýar tehnikanyň ýygnalyşyna çenli önümçiliginiň ähli tapgyrlaryna syn etmek mümkinçiligi döredildi.

Tejribeligiň çäklerinde Niderlandlar Patyşalygynyň Horst şäherindäki «John Deere» kompaniýasynyň zawodynda okuw sapaklary geçirildi. Bu zawodda asylýan we özi ýöreýän pürkijiler öndürilýär. Türkmen wekiliýetiniň agzalary M700i, M900i, R414i, R4150i modelleriniň häzirki zaman pürkijileriniň, şeýle hem täze 550R özi ýöreýän pürkijiniň innowasion tehnologiýalary we önümçilik tapgyrlary bilen tanyşdylar.

Kompaniýanyň wekilleri dökünleri we ösümlikleri goramak serişdelerini ýokary takyklykda ulanmaga mümkinçilik berýän «ExactApply» integrirlenen ulgamynyň aýratynlyklary, şeýle hem kameralaryň kömegi bilen haşal otlary kesgitleýän we diňe zerur ýerleri işläp bejermäge mümkinçilik berýän «See and Spray» tehnologiýasy barada gürrüň berdiler.

Saparyň çäklerinde türkmen ýokary okuw mekdebiniň wekilleri Germaniýanyň Frankfurt şäheriniň we Niderlandlaryň paýtagty Amsterdam şäheriniň taryhy we medeni gözel ýerlerine baryp gördüler.

Önümçilik tejribesine gatnaşmak arkaly türkmen oba hojalyk ýokary okuw mekdebiniň talyplary gymmatly amaly tejribe toplap, bilimlerini ep-esli baýlaşdyrdylar we hünär taýýarlyklaryny kämilleşdirdiler.

Geljekki türkmen hünärmenleri üçin şeýle daşary ýurt tejribe okuwlarynyň yzygiderli geçirilmegi ýurdumyzda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, bilimiň hilini ýokarlandyrmak we halkara ylym-bilim hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürmek babatda döwletiň öňünde goýlan möhüm wezipeleriň çözülmegine ýardam berýär.