Ynsanperwerlik, rehimdarlyk we birek-birege goldaw bermek halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ruhy gymmatlyklarynyň biridir. Çagalaryň bagtyýar geljegini üpjün etmek, olaryň saglygyny goramak hem-de durmuş taýdan goldawa mätäç çagalara hemaýat etmek ýaly asylly işler bu ýörelgeleriň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Şu maksat bilen, 2026-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Dünýäni özgerdýän ýagşylyk» atly haýyr-sahawat sergi-ýarmarkasy geçirildi. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlaryny bir ýere jemlän bu çäre diňe bir döredijilik we milli miras bilen tanyşdyrýan meýdança bolman, eýsem, ýaşlaryň jemgyýetçilik ähmiýetli başlangyçlara goşant goşmaklaryna giň mümkinçilik döretdi.

Sergi-ýarmarkanyň aýratynlygy onuň mazmun taýdan köpdürlüliginde öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň her biri öz hünär ugruna we döredijilik mümkinçiliklerine laýyklykda ýörite diwarlyklary taýýarlady. Olarda milli aşhanamyzyň dürli tagamlary, el işleri, bezeg şaý-sepleri, amaly-haşam sungatynyň nusgalary, surat eserleri hem-de dürli sowgatlyk önümler görkezildi. Şeýle hem talyplaryň taýýarlan işlerinde halkymyzyň baý medeni mirasy, milli däp-dessurlary we döredijilik ukyplary öz beýanyny tapypdyr.
Çärä Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilleri sergi-ýarmarka bilen tanyşdylar.

Bu giň gerimli başlangyjyň esasy maksady ýaşlaryň ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylygyny iş ýüzünde görkezmekden we olaryň haýyr-sahawat işlerine gatnaşmagyny höweslendirmekden ybarat boldy. Sergi-ýarmarkanyň dowamynda gazanylan serişdeler Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna gönükdirildi.
Çagalaryň hukuklaryny goramak we olaryň abadan durmuşda ýaşamagy üçin zerur şertleri döretmek halkara jemgyýetçiligiň hem möhüm wezipeleriniň biridir. 1954-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Bütindünýä çaga gününi bellemek barada Rezolýusiýa kabul etdi. Soňra, 1959-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Çaganyň hukuklary hakyndaky Jarnama, 1989-njy ýylyň şol senesinde bolsa Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýa kabul edildi. Türkmenistan hem çagalaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga gönükdirilen halkara resminamalaryň ençemesine goşulmak bilen, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär.

Ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn we sazlaşykly ösmegi, bilim almagy, döredijilik mümkinçiliklerini açmagy hem-de jemgyýetiň mynasyp agzalary bolup ýetişmegi üçin giň şertler döredilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri hem bu ynsanperwer syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir.
«Dünýäni özgerdýän ýagşylyk» atly sergi-ýarmarkasy ýaşlaryň diňe bir öz ukyplaryny we zehinlerini görkezmegine däl, eýsem, jemgyýetçilik jogapkärçiligini duýup, ýagşy işleriň rowaçlanmagyna goşant goşmagyna hem mümkinçilik berdi. Çünki çagalara görkezilen her bir mähir, edilen her bir haýyrly iş olaryň ýagty geljegine gönükdirilen gymmatly sowgatdyr.