Ï Türkmen talyplary Maliýe howpsuzlygy boýunça VI halkara olimpiadasynda baýrakly orunlara eýe boldular
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen talyplary Maliýe howpsuzlygy boýunça VI halkara olimpiadasynda baýrakly orunlara eýe boldular

view-icon 56
Türkmen talyplary Maliýe howpsuzlygy boýunça VI halkara olimpiadasynda baýrakly orunlara eýe boldular

Türkmen talyplary 27-nji sentýabr – 2-nji oktýabr aralygynda Krasnoýarsk şäherindäki (Russiýa Federasiýasy) Sibir federal uniwersitetiniň binýadynda geçirilen abraýly halkara bäsleşiginde – Maliýe howpsuzlygy boýunça VI halkara olimpiadasynyň finalynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýelediler.

Bu ýylky olimpiadanyň ugry maliýe howpsuzlygy ulgamynda emeli aňyň ulanylyşy hem-de şunuň bilen baglanyşykly töwekgelçilikler baradaky meselelere gönükdirildi.

Iri bäsleşigiň finaly dünýäniň 40-dan gowrak ýurtlaryndan 700-e golaý iň güýçli hem-de zehinli mekdep okuwçylaryny we talyplaryny bir ýere jemledi.

Olimpiadanyň jemleýji tapgyrynda Türkmenistana ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 7-sinden 10 talypdan ybarat bolan milli ýygyndy topary wekilçilik etdi. Halkara gatnaşyklary, hukuk, ykdysadyýet we maglumat howpsuzlygy ýaly ugurlarda mynasyp bäsdeşler bilen ýaryşyp, türkmen talyplary özleriniň ajaýyp bilimlerini ynamly görkezdiler hem-de 8 sany baýrakly orny, şol sanda 2 sany birinji orny eýelediler.

Olimpiadanyň «Hukuk» ugry boýunça birinji orny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Rejep Rejepow we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Güljahan Gurbanowa eýelediler.

«Halkara gatnaşyklary» ugry boýunça baýrakly orunlara Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Dawut Abdykadyrow we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Sahydöwlet Hummetjumaýew mynasyp boldular.

«Ykdysadyýet» ugry boýunça Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby Şükür Esedow, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Dawut Gezerow we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Hanmuhammet Tuwakow baýrak eýeleri boldular. Şeýle hem bu ýokary okuw mekdebiň talyby Bahar Bekiýewa olimpiadada tapawutlandy.

«Maglumat howpsuzlygy» ugry boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Begnazar Begnazarow baýrakly orna mynasyp boldy. Olimpiadanyň finalynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Jumageldi Serdarow hem ajaýyp bilimini hem-de başarnyklaryny görkezdi.

Türkmen talyplary olimpiadanyň final hepdeliginiň maksatnamasyna girizilen onlarça ugurdaş çärelere işjeň gatnaşdylar. Gatnaşyjylar üçin umumy okuwlar, interaktiw ussahanalar, ussatlyk sapaklary, umumy maslahatlaşmalar, bilim bäsleşikleri, sergiler hem-de ýatdan çykmajak beýleki duşuşyklar geçirildi.

Olimpiadanyň çäklerinde türkmen ýaşlary dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen deň-duşlary bilen tejribe alyşmaga we dostlukly gatnaşyklary berkitmäge, şeýle hem Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny we ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmekde öz goşantlaryny goşmaga ajaýyp mümkinçilik aldylar.

Biziň ýeňijilerimiz bu bäsleşikde gazanan şahsy üstünliklerini, ilki bilen, ýurdumyzda ýaşlaryň üstünlikli okamagy we ösmegi üçin döredilen giň mümkinçilikleriň, mugallymlarynyň hem-de halypalarynyň netijeli zähmetiniň miweleridigini uly hoşallyk bilen belleýärler.

Şunuň bilen birlikde, talyplarymyzyň abraýly halkara olimpiadasynda gazanan ajaýyp üstünlikleri sanly ykdysadyýeti ösdürmek, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek we bu ugurda ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijelidigini we doly subut edýär.