Ï Daşoguz welaýatynda ýylda 700 müň tonna azotly dökünleri öndürýän toplumyň düýbi tutuldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynda ýylda 700 müň tonna azotly dökünleri öndürýän toplumyň düýbi tutuldy

view-icon 7
Daşoguz welaýatynda ýylda 700 müň tonna azotly dökünleri öndürýän toplumyň düýbi tutuldy

Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän täze toplumyň düýbi tutuldy. Kärhana ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürmäge niýetlenendir. Giň gerimli maýa goýum taslamasynyň durmuşa geçirilmegine badalga bermek dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, himiýa senagaty ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Pudagy ösdürmek üçin ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Uly möçberli maýa goýumlar özleşdirilip, iri taslamalar amala aşyrylýar. Önümçilige döwrebap tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.

«Häzirki döwürde ýurdumyzyň himiýa senagatynda birnäçe iri kärhanalar netijeli işleýär. Şol kuwwatly kärhanalarda öz ýerli çig mallarymyzy ulanmaga möhüm ähmiýet berilýär. Şu gün Daşoguz welaýatynda düýbi tutulýan täze himiýa desgasy hem uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň biri bolup durýar. Täze toplumyň önümçiliginde Ýewropanyň we Aziýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylar. Bu bolsa ekologiýa taýdan arassa önümçilik işini ýola goýmaga ýardam eder» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Bu toplumda öndüriljek dökünler ýurdumyzyň oba hojalyk sarp edijileriniň isleglerini doly kanagatlandyrar. Şeýle hem daşary ýurtlara eksport ediler.

Taslamanyň durmuş-ykdysady ähmiýeti örän uludyr. Onuň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde bu ýerde bir müňden gowrak täze iş orunlary dörediler. Zähmet çekjek hünärmenleriň köp sanlysy daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okadylyp, olaryň işlemegi üçin ähli zerur şertler dörediler.