Ï Deňhukuklylyk, özara goldaw bermek we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan strategiýa
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Deňhukuklylyk, özara goldaw bermek we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan strategiýa

view-icon 4

Geçen hepdäniň wakalarynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen öňe sürlen we hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ugur aýdyň şöhlelendi. Bu ugur halkara bileleşik bilen netijeli dialogy ösdürmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, Watanymyzyň durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe gitmegine hem-de parahatçylygyň, abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilendir.

2-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymy möwsümini, bugdaý ekişini öz wagtynda tamamlamagy, gögeriş alnan meýdanlarda talabalaýyk ideg etmegi, azyk ekinleriniň bol hasylyny ýygnamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagyň hem-de welaýatlarda bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmegiň möhümdigi bellenildi.

Şol gün hormatly Prezidentimiz ýurdumyza sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar häzirki wagtda ikitaraplaýyn derejede hem-de halkara guramalaryň çäklerinde birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek esasynda ösdürilýär. Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistanyň möhüm söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Medeni-ynsanperwer ulgam hem türkmen-eýran gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidir.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň 3-nji noýabrda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

3-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýete eýedigini hem-de nebitgaz we himiýa ulgamlarynda, şol sanda Gyýanlydaky polimer zawodyny gurmagyň taslamasyny durmuşa geçirmekde netijeli gatnaşyklaryň alnyp barylýandygyny belledi. Işewür türkmen bazarynda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

3-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz ýurdumyza sapar bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygy hanym Kristina Şwarz-Fuksy kabul etdi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini, halkara giňişlikde iki ýurduň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň köp babatda gabat gelýändigini nygtadylar. Halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda netijeli gural bolup durýan parlament diplomatiýasyna we ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-awstriýa parlamentara hyzmatdaşlygynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigi, şol sanda onuň döwlet edaralarynyň, hususy ulgamyň arasynda utgaşdyryjy hökmünde işjeň çykyş edýändigi bellenildi.

3-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Pol Kapur bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň durnukly ösüşine, ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň, şol sanda iş saparlarynyň hem-de «C5+1» formatyndaky köptaraplaýyn maslahatlaşmalaryň, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem netijeli ösdürilýär. Ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda «Nicklaus Design», «John Deere», «Case New Holland» we «Boeing» ýaly amerikan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesi toplanyldy. Şeýle-de iki ýurduň arasynda «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşi hereket edýär.

Gahryman Arkadagymyz energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyna ünsi çekip, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegine ABŞ tarapyndan berilýän ünse we goldawa ýurdumyzda ýokary baha berilýändigini nygtady. Energetika, ulag-logistika ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy.

4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň we Garaşsyzlyk etrabynda iki sany senagat kärhanasynyň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly göni ýaýlymda Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň aýrylmaz bölegi bolan Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň uzynlygy 44 kilometr bolan Garabogaz — Gazagystan böleginiň açylyşyna ak pata berdi.

Uzynlygy 550 kilometre golaý bolan Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoly Demirgazyk — Günorta ugry boýunça amatly ulag geçelgesi bolar. Täze awtomobil ýoly sanly ulgam arkaly dolandyrylýan döwrebap ýol gözegçilik enjamlary bilen üpjün ediler. Täze ýoluň ugrunda uzynlygy 812 metr bolan täze häzirki zaman awtomobil köprüsi hem gurlar. Şeýle-de bar bolan 9 sany awtomobil köprüsi doly döwrebaplaşdyrylar. Ýoluň ugrunda döwrebap we oňaýly 136 sany awtobus duralgasy, 13 sany awtoduralga meýdançasy gurlar.

Garaşsyzlyk etrabynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işlejek ösümlik ýag kärhanasynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu binada dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylyp, ýylda jemi 9 milliona golaý 1 litr göwrümdäki plastik gaplara guýlan ýag öndürmäge mümkinçilik berer. Döwrebap kärhananyň işe girizilmegi bilen, bu ýerde 250-ä golaý adamyň zähmet çekmegi üçin ähli şertler dörediler.

Döwlet Baştutanymyz ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürmäge niýetlenen toplumyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny guýdy. Müňden gowrak täze iş ornuny döretjek kärhana «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň sargyt etmegi boýunça «GAP Inşaat» kompaniýasy tarapyndan Germaniýanyň «ThyssenKrupp Uhde GmbH» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda, innowasion we ekologik taýdan arassa çözgütler esasynda Garaşsyzlyk etrabynda gurlar. Toplumyň kuwwaty ýurdumyzyň daýhanlarynyň isleglerini doly kanagatlandyrmaga hem-de dökünleri daşary ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berer.

5-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň gowy netijeleri görkezendigini, ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýär. Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär. Önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Diýarymyzda iri senagat desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, kabul edilen maksatnamalary amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirmegi dowam etmegiň zerurdygyny nygtady.

5-6-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow emeli aň ulgamynda howpsuzlyk boýunça Akaba prosesiniň Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlary derejesindäki duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Astanada geçirilen ýokary derejeli duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti, Iordaniýanyň Patyşasy, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy, Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, GDA-nyň ugurdaş edaralarynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekilleri, emeli aň howpsuzlygy ulgamyndaky halkara bilermenler we beýlekiler gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz sammitde çykyş edip, öňüni alyş diplomatiýasyny işjeňleşdirmek, bitaraplyk ýörelgelerini iş ýüzünde ulanmak, parahatçylyk, ynanyşmak we syýasy dialog medeniýetini gaýtadan dikeltmek arkaly ýurdumyzyň ählumumy kiberhowpsuzlygyň täze arhitekturasyny kemala getirmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlaryny beýan etdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Merkezi Aziýada we tutuş dünýäde berk howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny hem-de Akaba prosesiniň maksatdyr wezipelerini durmuşa geçirmäge netijeli goşandyny goşmaga taýýardygyny tassyklady.

Iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II ibn Al Husseýn bilen duşuşdy. Söhbetdeşler Türkmenistanyň hem-de Iordaniýanyň dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly ähmiýet berýändiklerini bellediler. Iordaniýanyň Patyşasy özi üçin islendik amatly wagtda sapar bilen Türkmenistana gelmäge çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, şu duşuşygyň döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.

7-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky Döwlet münberiniň günorta-günbatar tarapynda bag nahalyny oturdyp, ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berdi. Çäräniň dowamynda döwlet Baştutanymyza Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde we paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Arkadag şäheriniň çäginde geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri gatnaşdy. Medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Arkadag şäheriniň wekilleri Niderlandlar Patyşalygynda saparda bolup, dürli görnüşli baglary we köpöwüşginli gülleri ösdürip ýetişdirmegiň häzirki zaman tejribesi bilen tanyşdylar, şeýle-de ýurdumyza dürli gülleriň tohumyny getirdiler.

Tutuş ýurdumyz boýunça geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynyň dowamynda 537 müň 900 düýp bag nahaly ekildi. Şeýle hem seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri geçirildi.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Mejlisde Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Etiýen Berhtolddan ynanç haty kabul edildi. Diplomat Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hem Mejlisiň düzümi we kanun çykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy.

Ýurdumyzda 3-nji noýabrda giňden bellenilen Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe gabatlanyp, paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat geçirildi. Dünýäniň 60-a golaý döwletinden 800-den gowrak wekiliň gatnaşmagynda geçirilen giň gerimli forum gurluşyk, senagat önümçiligi, energetika we himiýa senagaty, ýol gurluşygy ulgamynda ýurdumyzyň gazananlary, dünýä belli kompaniýalaryň hödürleýän ýöriteleşdirilen enjamlary, öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanyşdyrdy hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri hödürledi. Halkara forumyň çäklerinde ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň we daşary döwletleriň iri kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk resminamalarynyň uly toplumyna gol çekildi.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Zähmetkeşleriň işleri boýunça edarasynyň bilelikde guramagynda paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda «Halkara zähmet standartlaryny we durnukly ösüşi öňe sürmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara forumy geçirildi.

Forumlar tejribe alyşmak hem-de sebit we sebitara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde bilelikdäki çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin netijeli meýdança öwrüldi.

Aşgabatda ugurdaş ministrlikleriň, edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň medeni hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde häzirki zaman şertlerde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçen hepdede ýurdumyzda geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly Türkmenistanyň halkara medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekde möhüm orun eýeleýän iri medeni merkez hökmündäki derejesini ýene bir gezek tassyklady.

Geçen ýekşenbe güni ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde daýhanlarymyzyň Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrundaky döredijilikli we halal zähmetini alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän Garagum derýasynyň kenary esasy baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde ýurdumyzyň oba hojalygynda gazanylan üstünlikleri görkezýän oba hojalyk ekinleriniň tohumlarynyň, gök-bakja, miwe we beýleki oba hojalyk önümleriniň, olary gaýtadan işlemekden alnan taýýar önümleriň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Hasyl toýunyň öňüsyrasynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda oba hojalyk pudagyny ösdürmekde we ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde ýokary netijeleri gazanan oba hojalyk işgärlerine döwlet sylaglaryny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy geçirildi.

Hasyl toýy mynasybetli oba hojalyk toplumynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize 2023-nji ýylda doglan Hazyna atly dor reňkli ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi.

Asylly däbe görä, ýurdumyzda giňden bellenilen Hasyl toýy mynasybetli Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýän hem-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan süýjülikler, ýörite baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiziň Diýarymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, ýurdumyzyň halkara jemgyýetçilik bilen syýasy dialogy çuňlaşdyrmaga, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň hem-de gülläp ösüşiň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygy, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.