Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem ekologiýa ugurly meselelere we daşky gurşawa aýawly garamaga uly üns berilýär. Şäher çägini bagy-bossanlyga öwürmek we abadanlaşdyrmak boýunça yzygiderli geçirilýän çäreleriň netijesinde, welaýatyň dolandyryş merkezi ýyl-ýyldan ýaşamak üçin has-da özüne çekiji we amatly bolýar.
Bu ýerde dürli maksatly täze iri binalary we desgalary ýa-da täze awtomobil ýollaryny gurmak işleri alnyp barlanda, olaryň ýanaşyk çäklerini abadanlaşdyrmak işleriniň toplumyna bag ekmek, şol sanda agaçlary we gyrymsy agaçlary oturtmak, gazonlary we gülzarlyklary döretmek işleriniň hökmany suratda girizilýändigini bellemek gerek. Şunda şäherde ýerli howa şertlerine has durnukly bolan ýaşyl nahallaryň görnüşlerini ekmäge çalyşýarlar.
Şäherde ilatyň köpçülikleýin dynç almagy üçin abadanlaşdyrylan täze seýilgähler barha köpelýär. Şeýlelikde, geçirilen işleriň netijesinde Görogly köçesiniň ugrundaky uzyn we owadan seýilgäh hem olaryň üstüni ýetirdi.
Daşoguzyň iň köp adamly ýerlerindäki awtobus duralgalarynyň ýanynda ulanylan metal, aýna we plastik gaplar ýa-da beýleki kiçi göwrümli zatlar üçin aýratyn bölümleri bolan durmuş galyndylaryny aýry-aýrylykda ýygnamaga niýetlenen zibil gutulary eýýäm adaty bir zada öwrüldi. Galyndylaryň şunuň ýaly aýratynlykda ýygnalmagy olary netijeli we ekologiýa taýdan jogapkärçilikli gaýtadan işlemekde möhüm ähmiýete eýedir.
Şäheri bagy-bossanlyga öwürmek işine onuň ilatynyň hem işjeň gatnaşýandygyny bellemek gerek. Barha köp ýaşaýjy öz öýleriniň öňünde owadan agaçlary we gülleri ekmäge çalyşýar ýa-da öň bar bolan baglara meýletin ideg edýärler. Ekologiýa bilimi we howa sowatlylygy meselelerine ýerli bilim edaralarynda hem ýeterlik üns berilýär. Ýeri gelende aýtsak, mekdep durmuşyna durnukly ösüş, energiýa we suw tygşytlylygy, howa sowatlylygy we ekologiýa medeniýeti ýörelgelerini ornaşdyrmaga gönükdirilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) bilelikdäki «Ýaşyl mekdep» maksatnamasyna welaýatyň birnäçe mekdebi, şol sanda onuň dolandyryş merkeziniň mekdepleri hem işjeň gatnaşýar. Şol sanda okuwçylar mekdebiň ýanaşyk çäklerinde nahallary we agaçlary özbaşdak ekýärler hem-de olara ideg edýärler.
Şäher çäginiň şeýle bagy-bossanlyga öwrülmegi we abadanlaşdyrylmagy estetiki özüneçekijiligi döredýär hem-de bütin şäher ekoulgamyny degişli derejede saklamaga ýardam berýär.