Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny Halkara hukugy boýunça I Halkara bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar.
Bäsleşik 7-12-nji dekabr aralygynda internet arkaly toparlaýyn ýaryş görnüşinde geçiriler. Çäräniň resmi dilleri türkmen we iňlis dilleridir.
Bäsleşige kanunşynaslyk we hukukşynaslyk ugurlary boýunça okaýan talyplar gatnaşyp bilerler. Oňa her okuw mekdebinden üç talypdan ybarat bir topar goýberilýär.
Bäsleşige gatnaşmak isleýän türkmenistanly we daşary ýurtly talyplar, şeýle hem okuw mekdepleriniň mugallymlary we topar ýolbaşçylary 4-nji dekabra çenli hasaba alnyp bilerler. Hasaba alyş HYYÖU-niň saýtynyň olimpiadalar bölüminde açykdyr, bu ýerde geljekki bäsleşik barada goşmaça maglumatlar hem bar.
Halkara bäsleşik ýaş zehinleri ösdürmek we goldamak, şeýle hem giň gözýetimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olary işjeň ylmy we döredijilik işlerine höweslendirmek, talyplary hünär boýunça gözükdirmek we olaryň bilim taýdan ösüşi üçin oňyn şertleri döretmek maksady bilen geçirilýär.
Guramaçylar Halkara hukugy boýunça I Halkara bäsleşigiň ylym-bilim hyzmatdaşlygyny pugtalandyrjakdygyna, dünýäniň dürli künjeklerinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda tejribe alyş-çalşygyny ýeňilleşdirjekdigine, zehinli ýaşlary ýüze çykarjakdygyna we olaryň nazary bilimlerini hem amaly başarnyklaryny ýokarlandyrjakdygyna ynam bildirýärler.