Şu gün Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “2011-nji ýylda dünýäniň ilaty” atly Ählumumy maglumat bilen tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi hem-de “Adamlar we 7 milliard ilatly dünýädäki mümkinçilikler” atly suratsergi açyldy. Bu gumanitar çäre BMG-niň Ilat gaznasy tarapyndan “7 milliard hereket” atly ählumumy işiň çäklerinde guraldy.
Bu işiň maksady Ýeriň tebigy gorlaryny saklamak apkaly, dünýäde ähli adamlar üçin ýaşaýşyň mynasyp derejesini üpjün etmek, ykdysady rowaçlyga we yzygiderli ösüşe ýardam bermekde şäherleriň mümkinçilikleri we kuwwaty ýaly häzirki döwürde ählumumy meselelere jemgyýetçiligiň ünsüni çekmekden ybaratdyr.
BMG-niň Ilat gaznasynyň maglumatlaryna laýyklykda, 2011-nji ýylyň 31-nji oktýabryna çenli dünýäde ýaşaýan ilatyň sany 7 milliard adama ýetdi. Munuň özi XX asyryň ahyryndakydan (bary-ýogy 13 ýyl mundan ozalkysyndan) 1 milliard we XIX asyryň başyndakysyndan 6 milliard köpdür. Adamzadyň taryhyndaky bu täsin pursat Ýeriň ýaşaýjylarynyň 7 milliarda ýeten güni hökmünde taryha girer we şol bir wagtyň özünde ekologik howpsuzlyga, urbanizasiýa, saglygy goraýşyň hyzmatlarynyň elýeterliligine we ýaşlaryň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna degişli wezipeleri we gender meselelerini ýüze çykardy.
Şunuň bilen baglylykda BMG-niň Ilat gaznasy tarapyndan Ählumumy maglumat taýýarlanylyp, şonda adamyň toplan tejribesi, isleg-arzuylary we ileri tutýan ugurlary, häzirki döwürdäki ilatyň özboluşlylygy we şonuň özgermeginde ýüze çykýan ýagdaýlar umumy görnüşde suratlandyryldy. Urbanizasiýa, adamyň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak we zähmete ukyply ýaşdaky ilatyň sanynyň çalt artmagy ýaly demografik ýagdaýlara diňe bir derwaýys meseleler hökmünde däl-de, bulary oňyn işlere gönükdirmek üçin giň mümkinçilikler hökmünde garalýar. Galyberse-de, gartaşan adamlara goldaw bermek, olaryň alada we üns bilen gurşalmagy ýaly özara baglanyşykly bagly bolan meseleler biri-birinden aýratynlykda çözülip bilinmez.
Ýer ýüzündäki dürli ýurtlarda ýaşaýan hem-de durmuş-ykdysady ösüş boýunça deňeçer derejä ýetip bilmedik we taryhy-medeni ösüşinde aýratynlyklary bolan adamlaryň taryhlary esasynda taýýarlanan maglumat rowaçlyga eýe bolan, ekologik taýdan durnukly şäherleriň, ykdysady ösüşi üpjün edýän zähmet gorlarynyň, ykdysadyýetiň derejesiniň ýokarlanmagyna we jemgyýetiň abadançylygynyň artdyrylmagyna öz goşandyny goşýan ýaşlaryň we uly ýaşdaky nesiliň 7 milliard ilatly häzirki dünýäniň özboluşly alamatlary bolup biljekdigine şaýatlyk edýär.
Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we onuň tabynlygyndaky birnäçe lukmançylyk edaralarynyň, halkara guramalarynyň we daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik ilçihanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň strategiki meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutynyň wekilleri, şeýle hem medeniýet işgärleri, paýtagtymyzyň talyp ýaşlary gatnaşdy.
Dabarada BMG-niň Hemişelik wekili we ÝUNFPA-nyň Türkmenistandaky wekili Lenni Montiel çykyş edip, bu çäräniň biziň ýurdumyzyň dünýäde hemmeler üçin parahatçylygyň berk we durnukly bolmaygyny üpjün etmek bilen bagly bolan ählumumy wezipeleriň çözülmegi ugrunda Türkmenistanyň BMG, ilkinji nobatda bolsa Ilat gaznasy bilen ýygjam aragatnaşykda gender deňeçerligi, reproduktiw saglyk we beýleki ugurlar boýunça maksatnamalar amala aşyrylýar diýip belledi.
Täze Galkynyş eýýamynda Türkmenistanda amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeleriň esasy maksady ösen hem-de adamlara hyzmat etmäge, olar barada alada etmäge, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga ukyply demokratik döwleti berkarar etmekden ybaratdyr.
Ýurdumyzy ösüşiň täze sepgitlerine ýetirmek ugrunda amala aşyrylýan işleriň ählisi diýen ýaly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynyň durmuş boýunça ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşdyrylýar. “Saglyk” döwlet maksatnamasy muňa aýdyň mysal bolup biler, şonuň çäklerinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň düýpgöter täze nusgasy döredilýär. Ýurdumyzda ilata ilkinji lukmançylyk-sanitar kömegini bermek boýunça düýpli özgertmeler bolup geçdi, saglygy bejeriş edaralarynyň işini kämilleşdirmek, maşgala lukmanlarynyň institutyny ornaşdyrmak boýunça uly işler berjaý edildi, munuň özi keselleriň öňüniň alynmagyna oňyn täsirini ýetirdi. Ýurdumyzda eneligi we çagalygy goramagyň ulgamyna döwlet tarapyndan degerli goldaw berilýär.
BMG-niň Ilat gaznasynyň sebitdäki edarasynyň halkara bilermeni G.Kadyrkulowanyň “2011-nji ýylda dünýäniň ilaty” atly Ählumumy maglumat boýunça çykyşy barada pikir alşyldy. Şunda ýaşlar syýasatynyň hukuk jähetlerine, gartaşan ýaşdaky adamlaryň durmuş taýdan üpjünçiligine degişli meselelere aýratyn üns berildi.
Muzeýiň zallarynda gurulan sergi bu ynsanperwer çäräniň möhüm ähmiýetli bölegine öwrüldi, şonda türkmen we daşary ýurtly suratçylaryň işleri görkezildi. Sergide ýerleşdirilen suratlar häzirki 7 milliarda barabar ilatly dünýäde, şol sanda Türkmenistanda gazanylan netijeleri we ýüze çykýan ýagdaýlary görkezýär.