Şu gün bu ýerde, Hazaryň kenarýakasynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň täze şypahanalaryny – “Türkmenbaşy” Döwlet täjirçilik bankynyň buýurmasy boýunça gurlan kottejleriň “Şapak” atly toplumyny ulanmaga bermek bilen bagly dabara boldy.
Nobatdaky binalaryň ulanmaga berilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň, has takygy Hazaryň kenraýakasyndaky durmuş-ykdysady we syýahatçylyk babatdaky örän köp mümkinçiliklerinden toplumlaýyn peýdalanylmagyna gönükdirilip, öz gerimi we möçberleri boýunça diýseň uly taslamany durmuşa geçirmegiň ýolundaky ýene-de bir ädime öwrüldi hem-de munuň özi birnäçä ýagdaýlar bilen şertlendirendir. Birinjiden, öz görnüşleri boýunça baý we täsin galdyrýan tebigy gorlar hem-de bu ýeriň geografiki taýdan ýerleşeişi we howanyň ýagdaýlary Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarýakasynda halkara derejeli şypahanany döretmek üçin diýseň oňaýly mümkinçilikler bar. Galyberse-de, “Awazanyň” kanynçylyk arkaly berkidilen özboluşly hukuk derejesi maýa goýumlaryny amatly ýerlemek üçin ygtybarly kepillendirmeleri döredýär hem-de maýa goýumlary üçin örän amatly ýagdaýy şertlendirmek arkaly gümrük we salgyt bilen bagly ep-esli ýeňillikleriň döredilmegini göz öňünde tutýar.
Ähli ugurlar boýunça bu özboluşly taslamanyň geljegine uly umyt bildirilmegi "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň depginleriniň artdyrylýandygyny görkezýär, bu ýerde halkara derejesinde toplanan öňdebaryjy tejribe iş ýüzünde öz beýanyny tapýar.
Şu gün irden dabara Awazanyň demirgazyk böleginde başlandy, häzirki wagtda bu ýerde dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň buýurmalary boýunça täze desgalaryň gurluşygy güýçli depgin bilen alnyp baryýlar. Kottejlerden ybarat “Şapak” atly şäherjik hut şu ýerde ýerleşýär, ol bu ýerde ýaýbaňlandyrylan uly möçberli gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna ulanmaga berlen ilkinji şäherjikdir. Onuň açylyş dabarasy Hazaryň kenar ýakasyna tomusky dynç alyş möwsüminiň ýaýbaňlanan döwrüne gabat geldi.
Şanly waka mynasybetli bu ýer baýramçylyga mahsus görnüşde bezelipdir. Şu ýerde ruhubelent we joşgunly ýagadý höküm sürýär, aýdym-sazlar ýaňlanýar. Ýygnananlaryň arasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň, Balkan welaýatynyň ýolbaşçylary, welaýatyň hormatly ýaşulular, köp sanly ýaşlar bar.
Kottejlerden ybarat toplumy açyk meýdançasynda aýdym-sazly tomaşa guralýar: bu ýerde Türkmenbaşy şäheriniň döredijilik toparlary täsirli folklor we aýdymly-tansly kompozisiýalary ýerine ýetirmek arkaly, öz ukyplaryny görkezýärler.
Şu dabara gatnaşanlaryň çykyşlarynda ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen öňe tarap gadam urýan garaşsyz bitarap Türkmenistanyň taryhyndaky her bir günüň uly ýeňişlere, ajaýyp zähmet üstünliklere beslenýänldigini bellenildi. Şu gün Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenar ýakasyna syýahatçylyga degişli düzmiň täze desgasy ulanmaga berildi, onuň tebigatyň bu ajaýyp künjeginiň bezegine öwrüljekdigine söz ýok. Çykyşda türkmenistanlylaryň ählisiniň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy, adamyň zähmeti we dynç almak üçin örän oňaýly şertleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri aýdyldy hem-de "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň günsaýyn gözelleşýän keşbiniň munuň aýdyň mysaly bolup durýandygy nygtady.
Umaman alanyňda, bu şäherjik ähli oňaýlyklar döredilen, eýwanlaryň sekiz gyraňly diňleri bilen bezelen we “lýuks” kysymly iki gatly kottejleriň 10-syndan ybaratdyr. Binanyň birinji gatynda iki orunlyk öýleriň 4-si bar, şolaryň her birine ýatylýan otag, myhman jaýy, naharhana ýerleşýär. Ikinji gatda dört orunlyk öýleriň ikisi bar, şolaryň her birine ýatylýan otaglaryň ikisi, myhman alynýan jaý we naharhana, şeýle hem tomusky dalan ýerleşýär. Bu ýerde gelenler adamlaryň göwnejaý dynç almak üçin ähli şertler döredildi.
Kottejleriň içerki bezegi we daşky dizaýny göwnejaý görnüşdedir. Otaglarda döwrebap mebel, sowuk howany sowadýan ulgamlar we durmuşda ulanylýan zerur tehniki we telefon aragatnaşygy we beýleki zatlar gurnalypdyr. Kottejleriň ähli gatlarynda özbaşdak ýerleşýän aşhanalar bar, bularyň üsti bilen eýwana çykyp bolýar. Aşhanalardaky howany awtomatiki görnüşde tämizleýän we daşyna çykarýan esbaplarda sowadyjylar, tok peçleri we beýlekiler goýlupdyr. Isleg bildirenler elmydama toplumdaky naharhanada ýa-da restoranda hödürlenýän we oňat hilli derejede berjaý edilýän hyzmatlardan peýdalanyp bilerler.
Meselem, 160 adam üçin restoranda milli ýa-da ýewropa, şeýle hem dünýäniň beýleki ýurtlaryna degişli naharlaryň taýýarlanyp berilmegini buýrup bolar.
Dynç alyş mekrezinde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak we saglygyňy berkitmek üçin ähli mümkinçilikler göz öňünden tutulypdyr. Şol sanda bu ýerde jakuzi, dürli gönüşdäki hammamlar, deňiz we dermanlyk otlar esasyndaky bejeriş wannalary, çagalar we ulular üçin üsti açyk we ýapyk howuzlar bar. Dynç alýanlar futbol, basketbol we woleýbol oýnamak üçin meýdançalardan, birkemsiz enjamlaşdyrylan, fitness-zaldan peýdalanyp bilerler. Arassa howada hem trenažorlarda güýmenmek bolar, munuň üçin bu ýerde degişli esbaplaryň toplumyndan ybarat bolan ýörite meýdançalar gurnalypdyr.
Galyberse-de, topluma degişli desgalaryň düzümi lukmançylyk, massaž we kosmetologiýa otaglaryndan, bilýard, bouling oýnamak üçin niýetlenen otaglardan, dellekhanadan we durmuş-medeni, dynç alyş maksatly beýleki desgalardan ybaratdyr.
Şäherjigiň daş-töweregi hem göwnejaý bezelipdir, bu ýerde güller we dürli ösümlikler bar hem-de telärler we kiçeňräk görnüşdäki heýkeller goýlupdyr. Eýýam açylan güni “Şapak” atly merkeziň we oýun oýnalýan sport meýdançalaryna çagalar ýygnandylar, olar toplumy şatlyk bilen synlaýarlar.
Täze dynç alyş merkeziniň indiden beýläk diňe bir tomsuna däl-de, beýleki möwsümlerde hem köp adamly boljakdygyna söz ýok, çünki bu ýerde ýylyň ähli döwründe zähmet rugsadyny ýa-da dynç alyş günlerini saglygyň üçin peýdaly ýagdaýda we tutuş maşgala bolup geçirmek üçin ähli mümkinçilikler bar.
Şeýle hem dynç alýanlara golaýda ýerleşýän hem-de deňziň ýakasyndaky şypahananyň ýakymly täsir galdyrýan ýerleriniň biri hasaplanýan Awaza derýasynda gezelenç etmek teklip ediler. Seýilgähdäki suw çüwdürimleriniň ýerleşýän ýeri şypahana gelen myhmanlaryň agşamsyna höwes bilen gezelenç edýän ýerine öwrüldi, bu ýerden deňizdäki örän uly suw çüwdüriminiň gözel keşbi görünýär.
Galyberse-de, Awazadaky kenar ýakasyny basym dynç alyş merkezli akwapark we okeanrium, mini-awtosport bilen meşgullanmak üçin karting merkezi, golf merkezi, şeýle hem supermaketler, kinoteatrlar we başga-da birgiden desgalar gurlar. Munuň özi Awazada geçirilen günleriň ýatdan çykmazlygyna degerli ýardam berer.
Deňziň kenarynda kaşaň saglyk merkezleri, beýleki desgalar, täze şypahanalar, maşgala we dynç almak üçin niýetlenen kottejler we kaşaň jaýlar, sport we dynç alyş merkezleri yzly-yzyna gurulýar.
“Awazany” abadanlaşdyrmak we ösdürmek boýunça maksadalaýyk çäreleriň amala aşyrylýandygyny göz öňünde tutanyňda, bu künjegiň gözümiziň alnynda ajaýyp ýere öwrülýändigini aýtsa bolar, bu ýere diňe bir watandaşlarymyz däl-de, eýsem dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan adamlar dynç almak we saglygyny berkitmek üçin gelerler.
Bu täsin galdyrýan taslama Türkmenistanyň adamlaryň abadançylygynyň hemmetaraplaýyn üpjün edilmegine, dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň we oňyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň amala aşyrylmagynyň aýdyň netijesine öwrülmek arkaly, berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ozal görlüp-eşidilmedik möçberde yzygiderli ýagdaýda amala aşyrylýan özgertmeleriň nyşany bolup durýar.
Kottejlerden ybarat bolan “Şapak” atly toplumyň açylyş dabarasynyň ahyrynda ata Watanymyzyň rowaçlygynyň hatyrasyna hem-de milletiň Lilderiniň baş saglygyna sadaka berildi.