Ï Türkmenistanda 2012-nji ýylyň iň gowy lukmanynyň ady yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda 2012-nji ýylyň iň gowy lukmanynyň ady yglan edildi

view-icon 1367
Paýtagtymyzyň 7-nji saglyk öýünde işleýän Gunça Seýidowa 2012-nji ýylyň iň gowy lukmany diýen ada mynasyp boldy. Bäsleşigi guraýjylar Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi şeýle netijä geldiler.

„Ýylyň iň gowy lukmany“ bäsleşigi „Saglyk“ Döwlet maksatnamasynyň yglan edilmeginiň 17 ýyllygy we her ýylyň 21-nji iýulynda bellenilip geçilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda her ýylda geçirilýär.

Finala çykanlar bäsleşigiň üç ugry boýunça bäsleşdiler. Birinjide olar emin agzalaryna köp sanly tomaşaçylara özlerini tanyşdyryp, ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten derejeleri bilen tanyşdyrdylar. Bäsleşigiň ikinji tapgyry synagy ýada salýar. Bäsleşige gatnaşyjynyň her biri keseliň kliniki ýagdaýyny beýan edýän bukjany alýar we oňa diňe bir diagnoz goýman, eýsem bejerişiň gerek bolan ugurlaryny hem kesgitlemelidi. Bäsleşige gatnaşyjylar öz işdeş ýoldaşlary bilen lukmanyň durmuşy barada gürrüň berýän gülküli kiçi spektakly hem taýýarladylar. Ýöne bu bäsleşigiň esasy maksady diňe bir tomaşaçylary güýmemän, eýsem saglygy goramak üçin gerek bolan maglumatlary bu ýerde oturanlaryň her biriniň aňyna ýetirmekden ybarat bolup durýar.

Aşgabatly Gunça Seýidowanyň çykyş eden birinji belgisi onuň üçin bagt getirdi. Sebäbi ol bäsleşigiň her bir tapgyrynda emin agzalarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Bu bolsa oňa doly bahaly ýeňiji bolmaga şert döretdi. Gunça ýokary lukmançylyk mekdebinde okuwyny tamamlandan soňra bir ýyllyk internaturany geçdi hem-de eýýäm bir ýyl bäri paýtagtyň 7-nji saglyk öýünde maşgala lukmany bolup işläp gelýär.