Onkologiýa ylmy – kliniki merkezinde “Onkologiýa kesellerini bejermekde ylmyň gazananlary we näsaglary bejermegiň häzirkizaman usullary” atly halkara ylmy-tejribe maslahaty geçirildi. Maslahaty Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we “Sanofi” fransuz kompaniýasy bilen bilelikde “Ýewropa dermanlar” birleşmesi gurnadylar.
Maslahata gatnaşmak üçin Germaniýadan we Russiýadan hünärmenler geldi. Maslahata gatnaşyjylar lukmanlaryň tejribesine dünýäniň innowasion gazananalaryny girizmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Olar onkologiýa keselleriniň dürli görnüşlerini bejermegiň täze usullary barada sorag – jogap alyşdylar we nasaglara onkologiki kömek we ýardam etmegiň rus we ýewropa usullarynyň hereket ediş tejribesi bilen paýlaşdylar.
Bu maslahat onkologiýa we endokrinologiýa boýunça hyzmatdaşlyk taslamasyna badalga berdi. Bu taslamanyň çäginde Germaniýanyň we Russiýanyň ökde onkolog we endokrinolog lukmanlary Türkmenistana her aýda gelip, türkmenistanly näsaglara maslahat bererler, master-klasslary alyp bararlar, türkmen kärdeşleri üçin leksiýalary okap, tejribe sapaklaryny geçirerler. Mundan başga-da Russiýanyň Medisina ylymlarynyň Akademiýasynyň Nikolaý Nikolaýewiç Blohiniň adyny göterýän Russiýanyň onkologiýa ylmy merkezinde ýylyň dowamynda Onkologiýa ylmy – kliniki merkeziň we welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň lukmanlary hünär derejelerini ýokarlandyrmak okuwlaryny geçerler. Telemedisinanyň mümkinçilikleri netijesinde geljekde türkmen lukmanlary Russiýanyň we Germaniýanyň öňdebaryjy onkologiýa merkezleri bilen hemişelik aragatnaşygy hem gurnalar.