Kämahal, Gökdepe etrabynda alnyp barylýan işleriň depgini ýokary derejä ýetdi diýip pikir edip bolýar. Ýöne muňa garamazdan, tabşyrylyp ulanylmaga berilen täze jaýlaryň gapdalyndan ýene-de dürli durmuş maksatly täze-täze gurluşyklar döräp başlaýar. Bu bolsa etrabyň täzeleniş ugrunyň işjeňleşip diňe öňe gidýänligine şaýatlyk edýär.
Täze gurulýan binalaryň köpüsi diýen ýaly ýaşamaga ýokary amatlykly öýler bolup durýar. Gökdepelilere we ýurdumyzyň köp ýaşaýjylaryna ipoteka karz usuly öz ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga ýardam edýär.
Soňky birnäçe ýylyň içinde Gökdepe şäherinde 111 sany öý bank karzlarynyň hasabyna guruldy. Bu bolsa 4 sany giň otagly, aşhanaly we aýratyn naharhanaly jaýlardyr. Her öýüň diňe ýaşaýyş meýdanynyň özi 100 inedördül metrdir. Täze jaýyň eýeleri kömekçi hojalygy alyp barmak üçin, daş- töweregini abadanlaşdyrmak , miwe we bakja önümlerini ekmek üçin hem ýer alýarlar.
Häzirki wagtda şäherde ipoteka karzy usuly boýunça ýene-de ellä golaý jaý gurluşygy alnyp barylýar. Mundan başga-da hususy eýeçilikdäki gurluşyk kärhanalary dört gatly köp otagly alty sany jaýyň gurluşygyny alyp barýarlar.