Şu gün Abadan şäheriniň ýaşaýjylary üçin şatlykly waka beslendi. Şu gün bu ýerde, şäheriň merkezi sebitinde 15-nji çagalar bagynyň işe girizilmegi mynasybetli dabara boldy. 160 orunlyk häzirki zaman mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasyny Ahal welaýatynyň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy boýunça “Säher şemaly” hususy kärhanasynyň hünärmenleri gurdular.
Täze çagalar bagy iri ýaşaýyş jaý toplumyna sazlaşykly utgaşdy, bu ýerde ýakyn wagtlarda ýaş abadanlylar üçin ýene-de bir bilim edarasy- täze orta umumybilim berýän mekdep ulanmaga berler.
Türkmen halkynyň bagtyýarlyk döwründe gurlan her bir bilim beriş edarasy ýaly, täze çagalar bagy halkara standartlarynyň ähli talaplaryna laýyk gelýär. Çagalar bagynyň iki gatly binasynda körpeleriň hemmetaraplaýyn ösüşi we wagtlaryny oňaýly geçirmegi üçin doly şertler döredildi. Nobatdaky okuw-terbiýeçilik merkezinde hem körpeleriň ýaş toparlarynyň sekizisi üçin oýun oýnalýan we ýatylýan otaglardan başga-da, okatmagyň multimediýa ulgamlary bilen üpjün edilen lingafon hem-de kompýuter synp otaglary bar. Şolarda çagalar daşary ýurt dillerini we maglumatlar tehnologiýalaryny öwrenerler. Alnan bilimler we başarnyklar körpelere bilim bermegiň nobatdaky tapgyryna aňsatlyk bilen öwrenişmäge ýardam berer, şonda olar birinji synpdan başlap täze dersleri öwrenmek bilen bir hatarda, eýýäm özleri üçin tanyş bolan dersleri özleşdirmegi dowam ederler.
Çagalar bagynda döredilen ajaýyp döredijilik we bedenterbiýe-sagaldyş binýady körpeleriň sazlaşykly ösüşini gazanmagy maksat edinýär. Bu ýerde mejlisler we tans-saz zallary, körpeler üçin suwy ýyladylýan we ýörite suwa düşülýän ýerler bilen ýapyk görnüşli suwa düşülýän howuzdan ybarat bolan sport-oýun toplumy bar. Çagalar bagynyň howlusynda sport-oýun oýnalýan meýdançalar, tomusky howuz hem göz öňünde tutuldy, şonda çagalar wagtlaryny şadyýan hem-de beden taýdan ösüşleri üçin peýdaly geçirerler.
Amatly mebel, ýatylýan we oýun oýnalýan otaglaryň diwaryna türkmen halk ertekilerinden çekilen suratlar jaýlaryň içine aýratyn bezeg berýär. Çagalar bagynyň çäklerini bezemekde hem ertekilerdäki gahrymanlaryň keşpleri ulanylypdyr. Hemme ýerde--dynç almak üçin pawilonlaryň, çäge düşelen ýerleriň golaýynda ertekilerdäki gahrymanlaryň we dürli jandarlaryň owadan şekilleri oturdylypdyr.
Durmuş otaglaryndan ybarat bolan tehniki toplum hem häzirki zaman talaplaryna laýyk enjamlaşdyryldy.
Çagalar şäherçesiniň çäklerinde dürli agaçlaryň ýaş nahallary we güller ekildi, olar çagalaryň dynç almagy, arassa howada sagaldyş çäreleriniň geçirilmegi üçin amatly şert döreder.
Çagalar bagynyň açylyş dabarasyna welaýat we şäher häkimlikleriniň, bilim edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we şäheriň ýaşlary gatnaşdylar. Çykyş edenler adamlaryň, halkyň, her bir maşgalanyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadançylygy we bagty hakyndaky aladanyň täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny nygtap, ösüp gelýän ýaş nesil hakynda yzygiderli alada edýändigi, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge täze itergi berjek, türkmenistanlylaryň durmuşyny täze derejä çykarjak Milli maksatnamanyň belli bir maksada gönükdirip durmuşa geçirilýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdiler.
Dabara tamamlanandan soň täze nusgadaky çagalar bagynyň açylmagynyň hormatyna, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakasy berildi.